Milli terbiýe — asylly ýörelge

14 Noýabr 2023
676

Ene dilimiziň söz baýlyklaryny öwrenmek, söz manysyna çuňňur düşünmek milli gymmatlygymyza belent sarpadyr. Şonuň üçin hem ýaş nesillere ene dilimizi öwretmek asylly ýörelgedir. Şeýle asylly ýörelgeden ugur alyp, häzirki wagtda türkmen diliniň söz baýlyklary, gadymy çeşmeleri ylmy esasda öwrenilýär we ýaşlara ýetirilýär.

Mahmyt Zamahşarynyň, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Omar Haýýamyň, Magtymguly Pyragynyň, Keminäniň, Mollanepesiň we beýleki ençeme söz ussatlarynyň edebi mirasy türkmeniň ylmy nazaryýetiniň, sözleýiş medeniýetiniň, edebiýatynyň, suhangöýlük sungatynyň taryhy kökleriniň uzakdan gaýdýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Baýramdursun MYRADOWA,
Gökdepe etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.