Berkararlyk bagty

15 Noýabr 2023
567

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, beýik işleriň rowaçlanýan ýurdunda, ata-babalarymyzyň arzuwlan zamanasynda ýaşaýandygymyz, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyl syýasatlaryndan rowaçlanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletde ömür sürýändigimiz, halal zähmet çekip, ylym-bilim alýandygymyz üçin her birimiz buýsanmaga haklydyrys. Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzy has-da gülletmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin amala aşyrýan işleri, kabul edýän çözgütleri milletiň kalbyna ýagşylygyň, haýyr-sahawatyň nury bolup çaýylýar. Ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda, ykdysadyýetde, ylym-bilim we saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikler ruhuňy göterýär.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly syýasaty netijesinde Türkmenistan döwleti parahatçylygyň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň, ynsanperwerligiň, mähribanlygyň, dost-doganlygyň, hoşmeýilliligiň ýurdy hökmünde tutuş dünýäde giňden tanalýar. Eziz Diýarymyz häzirki wagtda halkara derejesinde dürli bilim we sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýurduna öwrüldi. Halkymyz bu gün adalatyň, parahatçylygyň we asudalygyň dabaralanýan ýurdunda bir güýje, bir göwrä öwrülip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna has-da mäkäm jebisleşip, bagtyýar geljege tarap aýgytly gadamlar bilen öňe barýar. Bu bolsa gaýduwsyz hem merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşan arzuw-umytlarynyň häzirki döwürde wysalyna gowşandygyny görkezýär.

Bibiäşe AKMÄMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.