Ýöriteleşdirilen we döwrebap

15 Noýabr 2023
623

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ulgamda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler milli we dünýä tejribesini özünde jemlemek bilen, çagalar baglaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynda bilim berlişiniň derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Bu özgertmeleriň esasy maksady Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesli il-güne haýyrly, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ynsanlar edip ýetişdirmekden ybaratdyr. Bagtyýar çagalygyň ýurduna öwrülen döwletimizde ýaş nesliň cuňňur hilli bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär.

Döwrebap amatlylyklary bolan çagalar baglarynyň sanynyň ýyl-ýyldan artýandygy hem ýaş nesle berilýän bilimiň hiliniň düýpli ýokarlanýandygyny görkezýär. Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 63-nji çagalar bakja-bagynda hem körpe nesle döwrebap bilim, asylly-terbiýe berilýär. 2011-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berlen çagalar bagy iki gatdan ybarat bolup, ol 160 orunlykdyr. Onda toparlaryň 7-si hereket edýär. Olaryň ikisi bakja, 5-si bag toparlarydyr. Çagalar bakja-bagynda aýdym-saz, kompýuter, lingafon, bedenterbiýe, rus we iňlis dili otaglary bolup, olarda körpeleriň döwrebap bilim almaklary üçin ähli şertler bar.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.