«Adyň nesillere nusga, Pyragy!»

9 Noýabr 2023
553

Halaç etrabyndaky 22-nji orta mekdepde etrap bilim bölümi bilen bilelikde şeýle atly edebiýat agşamyny geçirdik. Köňüllerde tagt guran nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bu edebiýat agşamy özüniň terbiýeçilik ähmiýeti bilen tapawutlandy. Oňa etrabymyzdaky orta mekdepleriň mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we çeper döredijilik bilen meşgullanýan oglan-gyzlar gatnaşdylar.

Edebiýat agşamynda okuwçylar beýik akyldaryň şygyrlaryny we oňa bagyşlap ýazan goşgularyny labyzly okadylar. Nusgawy şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlar bolsa hiç kimi biparh goýmady.

Rozygül MYRADOWA,
Halaç etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň agzasy.