Sanly bilim ulgamyna bagyşlanan okuw maslahaty

12 Noýabr 2023
783

Ýakynda Aşgabat şäherindäki maglumat ulgamlary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk boýunça ýöriteleşdirilen 81-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Milli bilim instituty tarapyndan guralan Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň usulçylary bilen amaly-usuly okuw maslahaty geçirildi.

Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim edaralarynyň işi has-da kämilleşdirilýär, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak üçin uly tagallalar edilýär hem-de netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Sanjar ATAÝEW,
«Mugallymlar gazeti».