Beýik özgertmeleriň binýady

15 Noýabr 2023
586

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylmy-bilimi hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň gazananlaryny durmuşyň ähli ugurlaryna gönükdirmek bilen, Watanymyzy ykdysady taýdan ösýän, kuwwatly döwlete öwürmegi baş maksat edip goýýar. Ine, şu nukdaýnazardan hem döwlet Baştutanymyzyň düýpli özgertmeleri netijesinde milli ykdysadyýetimizde täze-täze pudaklar we düzümler döredilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ähli pudaklaryna häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Şu nukdaýnazardan-da, häzirki wagtda dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarmaga ukyply, giň dünýägaraýyşly, täzeçil pikirlenýän, daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirýän hünärmenleri taýýarlamak ugrunda oňyn işler amal edilýär. Çünki önümçiligi ygtybarly dolandyrmaga ukyply ýaş hünärmenler döwletiň we jemgyýetiň esasy daýanjydyr.

Oguljan JUMAÝEWA,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.