Harby lukmanlaryň hünär bäsleşigi

15 Noýabr 2023
542

Golaýda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň okuw meýilnamasy esasynda fakultetiň «Bejeriş-öňüni alyş işi» we «Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi» hünärleriniň harby talyplarynyň arasynda harby lukmançylyk ugrundan bäsleşik geçirildi.

Bu bäsleşigi geçirmegiň esasy maksady talyplarda harby gulluga bolan söýgini we öz kärine bolan buýsanç duýgusyny terbiýelemekden, lukmançylyk kärine ökde serkerdeleri hem-de harby lukmanlary taýýarlamakdan ybarat boldy. Onda täzeçil tehnologiýalary, ýagny sanly ulgamy ornaşdyrmak, onuň üsti bilen dolandyrmak, telelukmançylyk ugruny kämilleşdirmek we uzak aralykdan näsaglara distansion lukmançylyk kömegini bermek ýaly amallar synagdan geçirildi.

Muhammetnazar NURNAZAROW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň dekany, lukmançylyk gullugynyň podpolkownigi.