Ýaşlar — Watanyň daýanjy

15 Noýabr 2023
830

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adalatly, parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda – syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda beýik ösüşlere ýetýär hem-de täze sepgitlere tarap batly gadamlar bilen barýar. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen ilimiz öz aýdyň ertirlerini, ýagty geljegini gurýar. Muny biz bagtyýar durmuşymyzyň döwrebap özgertmelerinde, alnyp barylýan beýik işlerde has aýdyň görýäris. Döwletli Diýarymyzda ýaşlaryň işleri barha ýokarlanýar. Bu günki gün ýaşlarymyz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, Watanymyzyň abraýyny Arşa galdyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Watany söýmek, il-güne hyzmat etmek halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgesidir.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda biz — ýaşlara özümiziň ukyp-başarnygymyzy açyp görkezmäge we ýurdumyzda ýokary derejede alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga has-da uly mümkinçilikler döredildi. Watanymyzyň mukaddesligi Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hut, şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, ata-babalarymyzyň mertlik, edermenlik, gaýduwsyzlyk, halallyk ýörelgelerine laýyk şahsyýetler hökmünde kemala getirmek maksady bilen wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini, medeni-köpçülikleýin çäreleri yzygiderli guraýar.

Muhammetmyrat BÄŞGULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.