Daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek – döwrebap ösüşiň möhüm şertidir

10 Noýabr 2023
334

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ajaýyp başlangyçlary bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän  derejede bilim almaklary üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Olaryň içinde daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek esasy ugurlaryň biridir. Dil biziň medeni derejämiziň görkezijisidir. Dil bilmek ýaş nesliň köp taraply ösmegine, dünýä-garaýşynyň giňelmegine, pikirlenmek ukyplarynyň kämilleşmegine ýardam edýär. Döwletleriň arasyndaky syýasy, medeni, söwda gatnaşyklarynyň has kämilleşen häzirki döwründe halkara dilleriň orny hasda giňelýär. Şol bir wagtda, ylmyň, tehnikanyň, ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiniň batly gadamlar bilen ösdürilmegi häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýanyň we önümçiligiň  biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşygynyň bir bitewilige öwrülendigine şaýatlyk edýär. Bu beýik ösüşleriň gazanylýan asyrynda daşary ýurt dillerini innowasion usulda okatmak döwrüň talabydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňden görüjilikli syýasaty netijesinde dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Diňe bir öz ene dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy we ähmiýetliligi bilen çözülýär. Ýurdumyzda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde daşary ýurt dilleri öwrenilýär. Döwrüň ösmegi, özgermegi Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň barha giňelmegi, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ýygjamlaşmagy, daşary syýasatymyzyň dabaralanmagy daşary ýurt dilleri özleşdirmekligi we öwrenmekligi talap edýär.