Ýaşlar syýasaty we sanly ykdysady ösüş

13 Noýabr 2023
610

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işleriň netijesinde, ýokary derejeli halkara ölçeglere laýyk gelýän we maglumat aragatnaşygynyň hilini üpjün edýän kämil telekommunikasiýa-aragatnaşyk ulgamynyň döredilmegi ýurdumyzyň dünýä bileleşigindäki abraýyny pugtalandyrmaga ýardam edýär hem-de Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde baglanyşdyryjy merkez bolmak bilen birlikde, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky iň möhüm maglumat-kommunikasiýa köprüsi hökmünde ösüşiniň geljekki ugruny kesgitleýär.

9-10-njy noýabrda paýtagtymyzda geçirilen Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi hem-de ylmy maslahat milli telekommunikasiýa ulgamynyň ýeten sepgitlerini bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Bu forum ulgamyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakda we tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Nurnepes KULIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.