"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Röwşen geljegiň rowaçlygy

Binanyň binýadynyň ilkinji kerpiçlerden düzülişi ýaly, ak ertirlerimiziň röwşenligi hem şu günki ýaş nesiller hakyndaky aladalardan wysal tapýar. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet baştutanlygyna geçen ilkinji günlerinden ýaş türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet taýdan kemala gelmekleri, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi bilen bagly meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi. Täze taryhy döwrümizde bu ugurdaky asylly işler Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilip, bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek babatda möhüm wezipeler öňde goýulýar. Şunda ýaş nesli milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek biziň baş maksadymyzdyr. Bu günki gün paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, obadyr şäherlerde häzirki zaman bilim ulgamynyň talaplaryna laýyk gelýän mekdeplerdir çagalar baglary, aň-bilim hem-de döredijilik merkezleri yzygiderli gurlup, olar döwrebap okuw tehnologiýalary, interaktiw-multimediýa enjamlary bilen üpjün edilýär. Diňe şu ýylyň özünde täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalar baglarynyň 6-sy, orta mekdepleriň 18-si açylyp ulanmaga berildi. 1-nji synpa kabul edilen körpeleriň 153 müň 353-sine hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyn

Kämillige tarap

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilim işini kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler depginli dowam etdirilýär. Çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy dünýä tejribelerine hem-de halkara ülňülere laýyklykda, tapgyrlaýyn kämilleşdirilýär. «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim ulgamynda ýaş nesliň sagdyn ösmegi, okamagy, öwrenmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Bilim edaralary many-mazmun, bilim-terbiýe berijilik taýdan ýokary hilli okuw kitaplary, okuw-usuly gollanmalar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Okuw maksatnamalaryna laýyklykda, kitaplaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna we mazmunynyň baýlaşdyrylmagyna, gazet-žurnallar arkaly bilim işinde halkara tejribäniň ornaşdyrylmagyna hem-de okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda 1-nji synpa gelen çagalar hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatyn

Beýik ösüşleriň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan esaslandyrylan döwletliligiň synmaz sütünlerini berkidýän hormatly Prezidentimiz milli bilim özgertmelerini dowam edip, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary Watana söýgi, wepalylyk ruhunda terbiýelemekde beýik işleri bitirýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda şeýle belläpdi: «Döwletimiziň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ösüşi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny berkitmäge gönükdiriler. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler.

Elektron kitaplar – döwrebaplygyň gönezligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy ösdürilýär, ýaşlaryň bilim almagyna, giň dünýägaraýyşly bolmaklaryna aýratyn üns berilýär, ýaşlary ylym-bilime ugrukdyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Bu ugurda kitaphana işiniň hem aýratyn orny bardyr. Ýaş nesilde kitap okamaga höwes döretmek, olaryň dünýägaraýşynyň baýlaşmagyny gazanmak üçin wagyz-nesihat işleri hem geçirilýär. Şeýle hem elektron kitaplaryň ähmiýeti, döwrebaplyk hakynda düşündirilýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek üçin ilkinji nobatda hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu ulgamyň ösüşiň täze derejelerine çykmagyna gönüden göni gatnaşjak ýaşlarymyzyň okamagy üçin ähli şertleri döretmeli, olary bu işe doly taýýarlamaly. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, häzirki wagtda Türkmenistanda sanly bilim ulgamynda täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, durmuşa ornaşdyrmagy maksat edinýän işler jogapkärli we hemmetaraplaýyn alnyp barylýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde kitaphana işini döwrebap özgertmek, ýaşlary çeper döredijilige höweslendirmek we bu ulgamy kämilleşdirmek babatda ençeme işler durmuşa geçirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň kitaphanalary bitewi elektron ulgama birleşdirildi. Ulgama birikdirilen şol kitaphanalardan okyjylaryň isleglerine görä, dürli kitaplar bilen tanyşmak bolýar. Ilatyň öwre

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary tehnologik tejribeligini geçýärler

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde hünär kesgitleýiş synaglary tamamlanyp, üçünji ýyl talyplar tehnologik tejribeligine çykdylar. Synaglaryň bu görnüşi şu okuw ýylynda uçurym boljak talyp ýaşlar bilen geçirilýär. Bu barada Jeyhun.news ýazýar. Habarda bellenilişi ýaly, mekdepde hereket edýän hünär ugurlarynyň 12-si boýunça şu okuw ýylynda uçurym boljak talyplaryň 200-den gowragy dersleriň 4-sinden synag tabşyryp, saýlap alan hünärine girişmäge taýýardygyny görkezdi.

Daşary ýurt dillerini kämil öwrenmekde innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamy döwrebap kämilleşdirilýär. Bilim edaralarynda okatmagyň innowasion usullary ýola goýulýar. Bu usullary netijeli peýdalanmak bilen ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi gazanylýar. Ýurdumyzyň bilim edaralarynda ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek işi ýokary derejede alnyp barylýar. Häzirki wagtda ylym-bilimi ösdürmek, ýaşlary giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmek esasy ugurlaryň biridir. Şunda daşary ýurt dilini bilmek we ony ulanmagy başarmak babatda ýaşlara giňişleýin düşünje berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlar daşary ýurt dillerini has-da oňat özleşdirýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli özgertmeler döwrebap häsiýetlidigi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzda ýokary hilli bilim bilen bir hatarda ýaş nesliň döwrebap terbiýesi hem derwaýys hasaplanýar. Häzirki döwürde ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmegi, täze bilimleriň özleşdirilmegi bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek. “Dil bilen dünýäni gezer” diýen parasatly pikire uýan dana pederlerimiz diňe bir öz ene dilimizi däl, eýsem, beýleki dilleri öwrenmegiň hem möhümdigini nesillere öwüt edipdirler, çünki beýleki halklar bilen syýasy, ykdysady,

Tejribe okuw sapagy

Öňňin Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň tejribeli mugallymlary we talyp ýaşlary golaýda açylyp ulanmaga berlen Ahalteke atçylyk athanasynda göçme okuw sapagyny geçdiler. Bu täze, döwrebap athana talyp ýaşlaryň nazaryýetde alan bilimlerine amal etmekde, saýlan hünärleriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýete eýedir. Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyp ýaşlaryň özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna kanagatlanarly jogap beren ýaş mugallymlar, bu ýeriň diňe bir talyp ýaşlaryň kämilleşmegi üçin däl, özleri üçinem diýseň gyzykly bolandygyny buýsanç bilen bellediler.

Bilimli ýaşlar — ýurdumyzyň daýanjy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilimi hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň gazananlaryny netijeli ulanmak, jemgyýetçiligiň intellektual kuwwatyny artdyrmak ýaly ugurlar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bilimiň täze, has belent sepgitlere ýetirilmegi ýurdumyzyň tehniki-ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen köpugurly şertleriň netijeliligini hem ýokarlandyrdy. Ylym-bilimiň kämil derejede ýola goýlan ýerinde ýurt ösýär, durmuş özgerýär, eşretli ýaşaýyş höküm sürýär.

Bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, ähli pudaklar bilen birlikde, ylym-bilim ulgamyndaky alnyp barylýan işleri has-da öňe ilerletmegi döwrüň öňe çykarýan iň bir esasy meselesi hökmünde kesgitledi. Durmuşyň wajyp sowallarynyň biri bolan bu ulgamdaky ösüşleriň we özgertmeleriň has hem kämil derejelere çykarylmagy baradaky alnyp barylýan işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary döwletlere amala aşyrýan saparlarynda iki döwletiň arasynda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek baradaky ylalaşyklar hem subut edýär. «Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir» diýýän hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşmagy bilim ulgamynyň ähli düzüminiň başlaryny göge ýetirip, geljek, ýaşlar babatdaky aladanyň şu günden gözbaş alýandygyna bolan beýik ynanjy has-da berkitdi. Şeýle dabaraly wakalaryň dowamy Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy bilen dowam edip, biziň ählimizde begenç du

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Ösüşleriň ak ýoluny nazarlap, bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy bilen döwletimiziň ykdysady ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak, düzümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ähli ugurlara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň hasabyna durmuşymyzda gündelik zerur bolan hyzmatlaryň islendigini hiç ýere barmazdan, nobata durmazdan, oturan ýeriňde ýa-da gezip ýören çagyňda bitirmek mümkinçilikleri giňelýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy esasynda durmuşymyza sanly özgertmeler yzygiderli ornaşdyrylýar. Sanly ulgama geçmek işleri bilim ulgamynda hem giň gerime eýe bolýar. Bilim ugruna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy uly göwrümli maglumatlar bilen işlemegiň aňsatlaşmagyna, işleriň awtomatlaşdyrylmagyna, wezipeleriň tiz ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir.

Mekdebimizde sanly ulgam

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, onuň hilini dünýä derejesine laýyk getirmek, täze innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde bilim ulgamyny kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy esasynda sanly bilim portalynyň tor programma üpjünçiligi işlenip düzüldi. Onuň elektron poçta, elektron resminamalar, okuw, ylym we innowasiýa, uzak aralykdan bilim bermek, elektron kitaphana ýaly bölümleri bar. Ýurdumyzyň ylym-bilim ojaklary, edara-kärhanalary döwrebap kompýuterler bilen enjamlaşdyrylýar, olarda elektron resminama dolanyşygy işjeň ornaşdyrylýar. Munuň özi halkymyzyň, esasan-da, ýaş nesliň dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan habarly bolup, gözýetimleriniň giňemegine, biliminiň baýlaşdyrylmagyna, hünär babatda kämilleşmegine şert döredýär. Biziň okuw mekdebimizde hem sanly bilim portalyndan, multimediýa enjamlaryndan netijeli peýdalanylýar. Ýokary tizlikli internete birikdirilen kompýuter otaglarynda talyplaryň gerek bolan maglumatlary almagyna mümkinçilik döredilýär. Elektron kitaphana doly güýjünde işläp, kitaplaryň elektron hasaby ýöredilýär. Mekdebimiz ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleri bolan Seýitna

Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi

AÝDYM-SAZYŇ PERWANASY Her kimiň bir ýürek arzuwy bar. Şol ýürek arzuwyňa ýetmek, öz saýlap alan hünäriň eýesi bolmak gaty uly bagt. Biziň gözel Diýarymyzda ýaş nesilleriň saýlap alan hünärleriniň eýesi bolmagyna ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň arasynda ýaryşlar guralyp, zehinliler saýlanyp alynýar.

Nurly geljege şamçyrag

Täze taryhy eýýamda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamynda üstünlikli dowam etdirilýän düýpli özgertmeleri möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle oýlanyşykly özgertmeler köptaraply ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň berk binýady bolup durýar. Bilim we ylym ýurduň ykdysadyýetiniň batly depginler bilen ösdürilmeginiň esasy şertleriniň biridir. Şonuň üçin Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamlarynyň işini döwrebaplaşdyrmak babatdaky giň gerimli, milli hem-de dünýä tejribelerini özünde jemleýän özgertmeler hemmämizi buýsandyrýar. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlaryndan gözbaş alyp gaýdýan bu özgertmeler kämil bilim almagy, ylym öwrenmegi, kompýuterlerdir öňdebaryjy tehnologiýalara ussatlarça erk etmegi, sport bilen meşgullanmagy, kitaby hemişelik hemra edi-nip, dünýägaraýşyny, gözýetimini giňeltmegi mizemez durmuş ýörelgesine öwren bagtyýar nesilleri kemala getirdi. Diýmek, döwlet derejesinde edilýän nusgalyk aladalar netijesinde nesillerine bilim-terbiýe bermegi hemişe baş maksadyna öwren halkymyzyň gadymdan gelýän asylly arzuw-maksady hasyl bolýar. «Bilimli — uçar, bilimsiz — gaçar», «Ylym — akylyň ýarysy», «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» ýaly onlarça çuň mazmunly nakyllarda bolsa halkymyzyň ylym-bilime bolan kämil garaýyşlary aýdyň ýüze çykýar. Ylymdyr bilimi ähli ö

Çagalar — bagtyýar geljegimiz

Ata Watanymyzyň döwlet syýasatynda çagalar baradaky aladanyň ileri tutulmagy şu günki körpeleriň biziň röwşen geljegimiz bolup durýandygy bilen baglanyşyklydyr. Oňat terbiýe alyp ulalan çaga geljekde ilhalar, watansöýüji, zähmetsöýer adam bolup ýetişýär. Şeýle bolansoň, olara milli ýörelgelerimiz esasynda döwrebap terbiýe, bilim berilýär. Munuň üçin ýurdumyzda ähli şert-mümkinçilikleriň bardygyny bellemelidiris. Çagalar häzirki zaman ülňülerinde gurlan, täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen çagalar baglarynda, mekdeplerde bilim-terbiýe alýarlar. Ýurdumyzda zehinli çagalary ýüze çykarmak, olary döredijilige ruhlandyrmak maksady bilen, her ýylda geçirilýän döredijilik we ders bäsleşikleri uly ähmiýete eýedir. Röwşen geljegimiz bolan çagalar halkara derejede geçirilýän bäsleşiklerde hem üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýynyň belende galmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Watanymyzyň mynasyp perzentleri bolmaga çalyşýarlar. Munuň özi olara bildirilýän ynamyň ýerine düşýändigini aýdyň görkezýär.

Dil bilmek — döwrüň talaby

Ýurdumyzda bilim ulgamynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede özleşdirmeklerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şundan ugur alnyp, «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» tassyklandy we ol häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onda daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge, täze, innowasion usullary işläp taýýarlamaga we okuw işine ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Eziz Diýarymyzyň bilim edaralarynyň aglabasynda daşary ýurt dillerini okatmaga ýöriteleşdirilen, kämil kompýuter tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan lingafon okuw otaglary döredildi. Bu okuw otaglary kämil enjamlar we daşary ýurt dilini öwretmek hem-de öwrenmek üçin zerur bolan tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Umumybilim berýän orta mekdeplerde rus diliniň hem öwredilmegi ýaş nesle bu dildäki edebiýatlar bilen tanyşmaga, rus dilinde erkin gepläp bilmäge we pikirini beýan etmäge ýardam berýär. Rus dilini okatmagyň döwrebap usullaryny peýdalanmak bilen, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Innowasion ösüşlerdäki üstünlikler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe innowasiýalara, çylşyrymly tehnologik çözgütlere, öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalara esaslanýan iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, aň-bilim ösüşini üpjün etmek, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek, ilkinji nobatda ýaş nesilleriň taýýarlygyna baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly nesiller bolup ýetişmekleri üçin döwlet tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Ýokary bilim edaralarynda ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagyna, nazaryýet bilimleriniň kämilleşdirilmegine, täze ylmy taglymlary, öňdebaryjy ylmy-barlag işleriniň netijelerini hem-de tehnologik tilsimleri özleşdirmegine möhüm üns berilýär. Ýaşlaryň sanly ulgamy ösdürmek babatda gazananlaryny, işläp taýýarlamalaryny hem-de tejribesini milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna, önümçilige giňden ornaşdyrmaga, bu işleri sazlaşykly guramaga uly üns berilýär. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, döwür täze pikirleri hem-de innowasion önümçilikleri talap edýär.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Ýurdumyzyň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetimizi täze ösüş derejesine çykarmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulandyrylmagyna giň mümkinçilikleri açýar. «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak, innowasiýa işini ösdürmek, täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ylym-bilim pudagyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen baý maglumat giňişligi kemala gelip, ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, giň gözýetimli bolmagyna, internet torlarynyň kömegi arkaly sapaklary özleşdirip, dünýä tejribesini öwrenmegine ýardam edýär. Munuň özi hünär taýýarlygy babatda ýaşlardan edilýän talaplary hem düýpli özgerdýär, ýaşlaryň saýlap alan hünärleri boýunça alyp barýan işlerine täzeçe çemeleşmeklerini talap edýär. Täze taryhy eýýamda sanly tehnologiýalardan baş alyp çykýan, täzeçe pikirlenip, oňyn teklipler bilen çykyş edýän, dörediji, gurujy, oýlap tapyjy ýaşlar ýurdumyzyň dürli pudaklarynda tutanýerli zähmet çekip, milli ykdysadyýetimiziň deňsiz-taýsyz ösüşlerine goşant goşýarlar.

Usuly-okuw maslahat

Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň meýilnamasy esasynda, Kaka etrabyndaky umumybilim berýän orta mekdepleriň taryh mugallymlary üçin usuly-okuw maslahatlar geçirildi. Bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen etrapdaky 6-njy orta mekdepde geçirilen usuly-okuw maslahata taryh mugallymlary hem-de degişli hünärmenler işjeň gatnaşdylar. Usuly-okuw maslahatyň açylyş dabarasynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamynda bolup geçen özgertmeler, ýaş nesli milli ýörelgeler, umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemegiň, şeýle-de bilim bermegiň öňdebaryjy usullaryndan netijeli peýdalanmagyň ähmiýeti barada aýratyn aýdylyp geçildi.

Sanly tehnologiýalara esaslanýan özgertmeler

Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamynda taryhy özgertmeler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwür ylmyň we tehnologiýalaryň zamanydyr. Iň esasy bolsa halkyň ýaşaýşy üçin döwrebap şertleriň döredilýänligidir, ylym-bilim babatda döwlet syýasatynyň dünýä ülňülerine laýyk alnyp barylýanlygydyr. Jemgyýeti ösdürmekde ylma uly orun degişli bolup durýar. Ylmy-tehniki özgerişleri milli ykdysadyýete ornaşdyrmakda abyrsyz işleriň amala aşyrylýandygy hemmämizi buýsandyrýar.

Röwşen geljegimiziň şuglasy

Ýurdumyzyň beýik ösüşleri, belent üstünlikleri biziň her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ähli ugurlar boýunça ösýär, özgerýär, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda ähli ugurlar boýunça beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Aýratyn-da, ähli ösüşleriň we özgerişleriň özeni bolan ylym we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan dörän kitaplarynda hem bu barada örän parasatly bellenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Bilim — bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk» atly kitabynda ýaşlara ýüzlenip aýdan sözleri munuň aýdyň beýanydyr. Alym Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda hem ýaşlara döwrebap terbiýe bermek we onuň ähmiýeti barada giňişleýin beýan edilýär.