Tejribe okuw sapagy

22 Noýabr 2023
505

Öňňin Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň tejribeli mugallymlary we talyp ýaşlary golaýda açylyp ulanmaga berlen Ahalteke atçylyk athanasynda göçme okuw sapagyny geçdiler.

Bu täze, döwrebap athana talyp ýaşlaryň nazaryýetde alan bilimlerine amal etmekde, saýlan hünärleriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýete eýedir. Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyp ýaşlaryň özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna kanagatlanarly jogap beren ýaş mugallymlar, bu ýeriň diňe bir talyp ýaşlaryň kämilleşmegi üçin däl, özleri üçinem diýseň gyzykly bolandygyny buýsanç bilen bellediler.

Çaryberdi REJEBOW.
«Arkadag».