Mekdebimizde sanly ulgam

22 Noýabr 2023
544

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, onuň hilini dünýä derejesine laýyk getirmek, täze innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde bilim ulgamyny kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy esasynda sanly bilim portalynyň tor programma üpjünçiligi işlenip düzüldi. Onuň elektron poçta, elektron resminamalar, okuw, ylym we innowasiýa, uzak aralykdan bilim bermek, elektron kitaphana ýaly bölümleri bar. Ýurdumyzyň ylym-bilim ojaklary, edara-kärhanalary döwrebap kompýuterler bilen enjamlaşdyrylýar, olarda elektron resminama dolanyşygy işjeň ornaşdyrylýar. Munuň özi halkymyzyň, esasan-da, ýaş nesliň dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan habarly bolup, gözýetimleriniň giňemegine, biliminiň baýlaşdyrylmagyna, hünär babatda kämilleşmegine şert döredýär.

Biziň okuw mekdebimizde hem sanly bilim portalyndan, multimediýa enjamlaryndan netijeli peýdalanylýar. Ýokary tizlikli internete birikdirilen kompýuter otaglarynda talyplaryň gerek bolan maglumatlary almagyna mümkinçilik döredilýär. Elektron kitaphana doly güýjünde işläp, kitaplaryň elektron hasaby ýöredilýär. Mekdebimiz ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleri bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde yzygiderli onlaýn sapaklary guraýar.

Gözel ÇOWDUROWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby.