Usuly-okuw maslahat

21 Noýabr 2023
407

Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň meýilnamasy esasynda, Kaka etrabyndaky umumybilim berýän orta mekdepleriň taryh mugallymlary üçin usuly-okuw maslahatlar geçirildi. Bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen etrapdaky 6-njy orta mekdepde geçirilen usuly-okuw maslahata taryh mugallymlary hem-de degişli hünärmenler işjeň gatnaşdylar.

Usuly-okuw maslahatyň açylyş dabarasynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamynda bolup geçen özgertmeler, ýaş nesli milli ýörelgeler, umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemegiň, şeýle-de bilim bermegiň öňdebaryjy usullaryndan netijeli peýdalanmagyň ähmiýeti barada aýratyn aýdylyp geçildi.

Mähri ALIÝEWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşiniň işgäri.