Innowasion ösüşlerdäki üstünlikler

21 Noýabr 2023
414

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe innowasiýalara, çylşyrymly tehnologik çözgütlere, öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalara esaslanýan iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, aň-bilim ösüşini üpjün etmek, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek, ilkinji nobatda ýaş nesilleriň taýýarlygyna baglydyr.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly nesiller bolup ýetişmekleri üçin döwlet tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Ýokary bilim edaralarynda ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagyna, nazaryýet bilimleriniň kämilleşdirilmegine, täze ylmy taglymlary, öňdebaryjy ylmy-barlag işleriniň netijelerini hem-de tehnologik tilsimleri özleşdirmegine möhüm üns berilýär. Ýaşlaryň sanly ulgamy ösdürmek babatda gazananlaryny, işläp taýýarlamalaryny hem-de tejribesini milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna, önümçilige giňden ornaşdyrmaga, bu işleri sazlaşykly guramaga uly üns berilýär. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, döwür täze pikirleri hem-de innowasion önümçilikleri talap edýär.

Beghan ANNASÄHEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.