Beýik ösüşleriň binýady

24 Noýabr 2023
527

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan esaslandyrylan döwletliligiň synmaz sütünlerini berkidýän hormatly Prezidentimiz milli bilim özgertmelerini dowam edip, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary Watana söýgi, wepalylyk ruhunda terbiýelemekde beýik işleri bitirýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda şeýle belläpdi: «Döwletimiziň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ösüşi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny berkitmäge gönükdiriler. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler.

Hydyrguly KADYROW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory.