Nurly geljege şamçyrag

22 Noýabr 2023
530

Täze taryhy eýýamda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamynda üstünlikli dowam etdirilýän düýpli özgertmeleri möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle oýlanyşykly özgertmeler köptaraply ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň berk binýady bolup durýar. Bilim we ylym ýurduň ykdysadyýetiniň batly depginler bilen ösdürilmeginiň esasy şertleriniň biridir. Şonuň üçin Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamlarynyň işini döwrebaplaşdyrmak babatdaky giň gerimli, milli hem-de dünýä tejribelerini özünde jemleýän özgertmeler hemmämizi buýsandyrýar. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlaryndan gözbaş alyp gaýdýan bu özgertmeler kämil bilim almagy, ylym öwrenmegi, kompýuterlerdir öňdebaryjy tehnologiýalara ussatlarça erk etmegi, sport bilen meşgullanmagy, kitaby hemişelik hemra edi-nip, dünýägaraýşyny, gözýetimini giňeltmegi mizemez durmuş ýörelgesine öwren bagtyýar nesilleri kemala getirdi. Diýmek, döwlet derejesinde edilýän nusgalyk aladalar netijesinde nesillerine bilim-terbiýe bermegi hemişe baş maksadyna öwren halkymyzyň gadymdan gelýän asylly arzuw-maksady hasyl bolýar. «Bilimli — uçar, bilimsiz — gaçar», «Ylym — akylyň ýarysy», «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» ýaly onlarça çuň mazmunly nakyllarda bolsa halkymyzyň ylym-bilime bolan kämil garaýyşlary aýdyň ýüze çykýar.

Ylymdyr bilimi ähli ösüşlerimiziň özenine, hamyrmaýasyna deňeýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly, anyk mümkinçiliklere daýanýan döwletli tutumlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz egsilmezdir.  

Aýna MEREDOWA,
Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 5-nji orta mekdebiň mugallymy.