Kämillige tarap

24 Noýabr 2023
562

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilim işini kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler depginli dowam etdirilýär. Çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy dünýä tejribelerine hem-de halkara ülňülere laýyklykda, tapgyrlaýyn kämilleşdirilýär. «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim ulgamynda ýaş nesliň sagdyn ösmegi, okamagy, öwrenmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Bilim edaralary many-mazmun, bilim-terbiýe berijilik taýdan ýokary hilli okuw kitaplary, okuw-usuly gollanmalar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Okuw maksatnamalaryna laýyklykda, kitaplaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna we mazmunynyň baýlaşdyrylmagyna, gazet-žurnallar arkaly bilim işinde halkara tejribäniň ornaşdyrylmagyna hem-de okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda 1-nji synpa gelen çagalar hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan «Bilimli» atly kompýuterleri sowgat aldylar.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde her ýylda birnäçe hünärlerdir taýýarlyk ugurlarynyň girizilip, ozal bar bolanlarynyň üstüniň ýetirilmegi bilen, talyplyga kabul edilýän dalaşgärleriň sany hem artýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak, milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, täze, döwrebap hünär ugurlaryny kesgitlemek baradaky görkezmesine laýyklykda, 2023-2024-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdepleriniň 10-syna täze hünärleriň 35-si girizildi. Şolaryň 21-si bakalawr, 8-si hünärmen, 6-sy magistr maksatnamalaryny öz içine alýar. Şu okuw ýylynda açylan 35 hünäriň aglabasynyň milli ykdysadyýetiň ulag-aragatnaşyk, obasenagat, telekeçilik, gurluşyk, maliýe-ykdysadyýet hem-de maglumat tehnologiýalary ýaly geljegi uly ugurlary bilen bagly bolmagy bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň alnyp barylýandygyny görkezýär.

Gülbahar HOMMADOWA,
Aşgabat şäherindäki Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.