Röwşen geljegimiziň şuglasy

21 Noýabr 2023
653

Ýurdumyzyň beýik ösüşleri, belent üstünlikleri biziň her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ähli ugurlar boýunça ösýär, özgerýär, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda ähli ugurlar boýunça beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Aýratyn-da, ähli ösüşleriň we özgerişleriň özeni bolan ylym we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan dörän kitaplarynda hem bu barada örän parasatly bellenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Bilim — bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk» atly kitabynda ýaşlara ýüzlenip aýdan sözleri munuň aýdyň beýanydyr. Alym Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda hem ýaşlara döwrebap terbiýe bermek we onuň ähmiýeti barada giňişleýin beýan edilýär.

Gurbanbibi NEPESOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.