Bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň gözbaşy

22 Noýabr 2023
357

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, ähli pudaklar bilen birlikde, ylym-bilim ulgamyndaky alnyp barylýan işleri has-da öňe ilerletmegi döwrüň öňe çykarýan iň bir esasy meselesi hökmünde kesgitledi. Durmuşyň wajyp sowallarynyň biri bolan bu ulgamdaky ösüşleriň we özgertmeleriň has hem kämil derejelere çykarylmagy baradaky alnyp barylýan işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary döwletlere amala aşyrýan saparlarynda iki döwletiň arasynda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek baradaky ylalaşyklar hem subut edýär. «Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir» diýýän hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşmagy bilim ulgamynyň ähli düzüminiň başlaryny göge ýetirip, geljek, ýaşlar babatdaky aladanyň şu günden gözbaş alýandygyna bolan beýik ynanjy has-da berkitdi. Şeýle dabaraly wakalaryň dowamy Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy bilen dowam edip, biziň ählimizde begenç duýgularyny döretdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlygyň we ýaşlaryň hem-de geljegiň şäheri bolan Arkadag şäherine 16-njy noýabrda amala aşyran iş sapary hem ylym-bilim ulgamyndaky başy başlanan işleriň geljege sary ýol salýandygynyň subutnamasyna öwrüldi.

Maksat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.