Röwşen geljegiň rowaçlygy

25 Noýabr 2023
516

Binanyň binýadynyň ilkinji kerpiçlerden düzülişi ýaly, ak ertirlerimiziň röwşenligi hem şu günki ýaş nesiller hakyndaky aladalardan wysal tapýar. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet baştutanlygyna geçen ilkinji günlerinden ýaş türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet taýdan kemala gelmekleri, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi bilen bagly meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi. Täze taryhy döwrümizde bu ugurdaky asylly işler Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilip, bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek babatda möhüm wezipeler öňde goýulýar. Şunda ýaş nesli milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek biziň baş maksadymyzdyr.

Bu günki gün paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, obadyr şäherlerde häzirki zaman bilim ulgamynyň talaplaryna laýyk gelýän mekdeplerdir çagalar baglary, aň-bilim hem-de döredijilik merkezleri yzygiderli gurlup, olar döwrebap okuw tehnologiýalary, interaktiw-multimediýa enjamlary bilen üpjün edilýär. Diňe şu ýylyň özünde täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalar baglarynyň 6-sy, orta mekdepleriň 18-si açylyp ulanmaga berildi. 1-nji synpa kabul edilen körpeleriň 153 müň 353-sine hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan noutbuk kompýuterleri sowgat berildi. Şunuň bilen birlikde, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn, hukuk binýadyny yzygiderli berkitmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim işi dünýä ölçegleri esasynda has-da kämilleşdirilýär.

Baýramgül AKGAÝEWA,
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň başlygynyň orunbasary.