Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary tehnologik tejribeligini geçýärler

23 Noýabr 2023
677

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde hünär kesgitleýiş synaglary tamamlanyp, üçünji ýyl talyplar tehnologik tejribeligine çykdylar. Synaglaryň bu görnüşi şu okuw ýylynda uçurym boljak talyp ýaşlar bilen geçirilýär. Bu barada Jeyhun.news ýazýar.

Habarda bellenilişi ýaly, mekdepde hereket edýän hünär ugurlarynyň 12-si boýunça şu okuw ýylynda uçurym boljak talyplaryň 200-den gowragy dersleriň 4-sinden synag tabşyryp, saýlap alan hünärine girişmäge taýýardygyny görkezdi.