Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

22 Noýabr 2023
574

Ösüşleriň ak ýoluny nazarlap, bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy bilen döwletimiziň ykdysady ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak, düzümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ähli ugurlara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň hasabyna durmuşymyzda gündelik zerur bolan hyzmatlaryň islendigini hiç ýere barmazdan, nobata durmazdan, oturan ýeriňde ýa-da gezip ýören çagyňda bitirmek mümkinçilikleri giňelýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy esasynda durmuşymyza sanly özgertmeler yzygiderli ornaşdyrylýar.

Sanly ulgama geçmek işleri bilim ulgamynda hem giň gerime eýe bolýar. Bilim ugruna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy uly göwrümli maglumatlar bilen işlemegiň aňsatlaşmagyna, işleriň awtomatlaşdyrylmagyna, wezipeleriň tiz ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir.

Gurbangül NYÝAZOWA,
Aşgabat şäherindäki 145-nji orta mekdebiň müdiri.