Çagalar — bagtyýar geljegimiz

22 Noýabr 2023
457

Ata Watanymyzyň döwlet syýasatynda çagalar baradaky aladanyň ileri tutulmagy şu günki körpeleriň biziň röwşen geljegimiz bolup durýandygy bilen baglanyşyklydyr. Oňat terbiýe alyp ulalan çaga geljekde ilhalar, watansöýüji, zähmetsöýer adam bolup ýetişýär. Şeýle bolansoň, olara milli ýörelgelerimiz esasynda döwrebap terbiýe, bilim berilýär. Munuň üçin ýurdumyzda ähli şert-mümkinçilikleriň bardygyny bellemelidiris. Çagalar häzirki zaman ülňülerinde gurlan, täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen çagalar baglarynda, mekdeplerde bilim-terbiýe alýarlar.

Ýurdumyzda zehinli çagalary ýüze çykarmak, olary döredijilige ruhlandyrmak maksady bilen, her ýylda geçirilýän döredijilik we ders bäsleşikleri uly ähmiýete eýedir. Röwşen geljegimiz bolan çagalar halkara derejede geçirilýän bäsleşiklerde hem üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýynyň belende galmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Watanymyzyň mynasyp perzentleri bolmaga çalyşýarlar. Munuň özi olara bildirilýän ynamyň ýerine düşýändigini aýdyň görkezýär.

Gülälek MÄMMEDALYÝEWA,
Balkanabat şäheriniň polisiýa bölüminiň Hazar şäherçesiniň polisiýa bölümçesiniň polisiýanyň ýerli wekiller toparynyň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça toparynyň gözegçisi, polisiýanyň uly leýtenanty.