Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

21 Noýabr 2023
491

Ýurdumyzyň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetimizi täze ösüş derejesine çykarmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulandyrylmagyna giň mümkinçilikleri açýar. «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak, innowasiýa işini ösdürmek, täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň ylym-bilim pudagyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen baý maglumat giňişligi kemala gelip, ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, giň gözýetimli bolmagyna, internet torlarynyň kömegi arkaly sapaklary özleşdirip, dünýä tejribesini öwrenmegine ýardam edýär. Munuň özi hünär taýýarlygy babatda ýaşlardan edilýän talaplary hem düýpli özgerdýär, ýaşlaryň saýlap alan hünärleri boýunça alyp barýan işlerine täzeçe çemeleşmeklerini talap edýär. Täze taryhy eýýamda sanly tehnologiýalardan baş alyp çykýan, täzeçe pikirlenip, oňyn teklipler bilen çykyş edýän, dörediji, gurujy, oýlap tapyjy ýaşlar ýurdumyzyň dürli pudaklarynda tutanýerli zähmet çekip, milli ykdysadyýetimiziň deňsiz-taýsyz ösüşlerine goşant goşýarlar.

Atahan TEJIÝEW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.