"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Kämilligiň gözbaşy

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň geljegi üçin ukyply hem-de zehinli ýaşlary terbiýelemekde, olary öz kärine ökde hünärmenler edip ýetişdirmekde netijeli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ozaly bilen, ýurduň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek üçin dünýäniň gazanan iň kämil usullaryny durmuşa giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykly möhüm işler amal edilmeli. Dünýä ylmynyň gazanan döwrebap usullary, şonuň bilen birlikde halkymyzyň milli medeniýetinden gözbaş alýan ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda ýaş nesli terbiýelemek babatda amala aşyrylan özgertmeler bolsa häzirki zaman usulyýetiniň özenidir. Dünýäde bilimiň, ylmyň yzygiderli ösmegi bilen ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara berilýän bilim hem döwrebaplaşdyrylýar. Ýaşlara bilim bermegiň, ylym öwretmegiň täze-täze tejribeleri durmuşa ornaşdyrylýar. Bilimiň esasy daýanjy bolan kompýuter enjamlary bilen bilim ojaklary yzygiderli üpjün edilýär. Bu bolsa ýaşlara yhlasly okamaga, ukyp-başarnygyny yzygiderli kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim kämilleşdirilýär, okatmagyň täze ugurlary, sanly ulgam ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýaşlarymyz ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişýärler. Şunda ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirmekleri, çuňňur bilmekleri aýratyn üns merkezinde saklanýar. Çünki ylym-bilim yns

Belent maksatlar rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň döredijilikli işlemegine, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen belent maksatlar amal edilýär. Eziz Diýarymyzda raýatlaryň durmuş abadançylygy, hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagy esasy ugur bolup durýar. Şunda ynsan hakynda edilýän aladalar, ýaşlaryň bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu mümkinçilikleriň netijesinde adamlaryň iş bilen üpjün edilýändigi, döredijilikli zähmet çekýändikleri, bagtyýar durmuşyň hözirini görýändikleri bellenilmelidir. Bu aýdyň netijeler durmuş-ykdysady ösüşiň esasy ugurlary bolup durýar. Ýaşlaryň bilim öwrenmekleri we kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ösüşleriň dowamlydygyndan habar berýär. Häzirki ýaşlar giň dünýägaraýyşlydyr, olar ösen tehnologiýalara, döwrebap mümkinçiliklere oňat düşünýärler. Kämil hünärmenleriň döwrebap işleri ýola goýmaklary, işleri sazlaşykly alyp barmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunda ýurdumyzda öndürilýän önümleriň hiliniň ýokary bolmagy, köp islegden peýdalanmagy esasy şert bolup durýar. Şonuň üçin hem häzirki wagtda ýurtda öndürilýän önümler daşary bazara eksport edilip, ýokary islegden peýdalanýarlar. Oba hojalyk önümleri, dokma önümleri ýa-da tebigy gurluşyk senagatynyň önümleri we beýlekiler aýdylanlara mysal bolup biler. Sözüň doly manysynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlyg

Ylym-bilimde halkara hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz dünýäniň ösen ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklaryny ösdürýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurtlaryň ylym-bilim merkezleri bilen dürli ugurlarda, şol sanda ýangyç-energetika, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirini azaltmak boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edilýär. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, «Türkmennebit» döwlet konserni we Birleşen Arap Emirlikleriniň Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd. kompaniýasy 2022-nji ýylda özara hyzmatdaşlyk etmek barada üçtaraplaýyn Şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, uniwersitet kompaniýa bilen ylym-bilim ulgamynda, nebitgaz pudagyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak hem-de daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça bilelikde ylmy-barlag we taslama işlerini alyp barýar.

Bagtyýar ýaşlar — röwşen geljegimiz

Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, orta we ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň derejesini we hilini döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Her ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler girizilýär, talyplaryň sany artýar. Häzirki zaman okuw meýilnamalary we maksatnamalary taýýarlanylyp, bilim ulgamyna ornaşdyrylýar. Paýtagtymyzda we welaýatlaryň dolandyryş merkezlerinde täze ýokary okuw mekdepleri işe girizilýär, oba-şäherlerde çagalar baglary, orta mekdepler açylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri — bagtyň, eşretleriň, abadan ýaşaýşyň, ykballaryň galkynýan zamanasy. Şu ajaýyp zamanada ýaşlara bilim öwretmek bagtdyr. Bu günki ýaş nesiller — mekdep okuwçylary, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary — ertirki hünärmenler, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşine özüniň mynasyp goşandyny goşjak raýatlar. Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz olaryň ylym-bilim öwrenmeklerine örän uly jogapkärçilikli çemeleşmegiň juda zerurdygyna ünsi çekýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýip bellemek bilen, Watanymyzyň ýagty ertirleriniň eýeleri bolan ýaşlara örän uly ynam bildirýär. Ylmyň we tehnologiýa

Okuwçylara sözlemleri okamagy öwretmek

Başlangyç synpda okaýan okuwçylary bilime ugrukdyrmak, olara sowat öwretmek örän ähmiýetli işleriň biridir. Başlangyç synplarda alnan bilim, öwrenilen sowat geljek synplarda geçiljek temalara binýat bolýar. Şonuň üçin hem başlangyç synplarda sapaklary guramak, okuwçylaryň pikirleniş ukybyny ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Okuwçylaryň geçilýän tema has-da içgin düşünmeklerini gazanmak üçin, mugallym olaryň sapaga işjeň gatnaşmaklaryny, onuň dowamynda okuwa degişli dürli ýumuşlar bilen meşgul bolmagyny gazanmaga çalyşmalydyr. Okuwçylaryň sapaga işeňňir gatnaşmaklaryny gazanmak üçin, ilki bilen, mugallymyň özi döredijilikli işlemelidir. Sapakda okuw kitaplaryndan we multimedia tagtasyndan peýdalanýarys. Okuwçylara birinji synpda harplar öwredilýär, sözleriň okalyşy bogunlara bölüp okadylýar. Okuwçylar ikinji synpda sözleri doly okamagy başarýarlar. Şunda olara ýeňil tekstleri okatmak, ene dili sapaklarynda olaryň labyzly okamagyny gazanmak zerurdyr. Ikinji synp okuwçylaryna ene dili sapaklarynda kiçi tekstler okadylmalydyr. Bu tekstler ýörite okuw kitaplarynda hem getirilýär. Kitapdaky tekstler ýeňil okalýan bolup, okuwçylaryň gyzyklanmasyny artdyrýar.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde döredilen sanly bilim portalyndan ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň, hünärmenleriniň, şeýle-de talyp ýaşlarynyň netijeli peýdalanmaklary üçin ähli şertler döredildi. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminamalar, okuw, ylym we innowasiýa, okatmagyň elektron serişdeleri, bäsleşikler, olimpiadalar, sport, uzak aralykdan bilim almak, elektron kitaphana, bildirişler, täzelikler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da, sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar, bäsleşikler yzygiderli guralýar.

Bilimli nesiller – ýurduň geljegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge örän uly ähmiýet berýär. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurduň geljegi bolan ýaşlar hakynda taýsyz tagallalary edýändigini görkezýär. Umumybilim berýän orta mekdepleriň 1-nji synp okuwçylaryna her ýyl hormatly Prezidentimiziň adyndan öz ýurdumyzda öndürilen öwrediji kompýuterleriň sowgat berilmegi körpeleriň kiçilikden giň düşünjeli, sowatly, häzirki zaman tehnologiýalaryna ussatlyk bilen erk edip bilýän adamlar bolup ýetişip, ata Watanymyza, il-günümize bähbitli uly işleri amala aşyrmagyny nazarlaýan belent maksatlardan gözbaş alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, döwrebap bilim bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda mekdebiň başlangyç synplarynda hem çagalara sowat öwretmek, ene dillerine söýgi döretmek, milli ruhda terbiýelemek ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär. Esasan hem çagalaryň dünýä dillerini öwrenmäge bolan höwesleri ene dilini kämil bilmeklerinden, söz baýlyklaryna düşünmeklerinden gözbaş alýar.

Zehinli ýaşlar — Watanymyzyň şu güni hem geljegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň milli bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny, şol sanda ýokary bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça başyny başlan asylly işleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Bu ugurdaky tagallalar, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli, başarjaň işgärleri kemala getirmäge gönükdirilendir. Şunda geljekki gurluşykçylardyr binagärleri taýýarlamaga ýöriteleşen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna hem möhüm orun degişli. Bilşimiz ýaly, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda, umuman, bilim ulgamynda taryhy wakalara örän baý ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlarydyr talyplary üçin hem aýratyn ýatda galyjy ýyllaryň birine öwrüldi. 1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşmagynda ýokary okuw mekdebimiziň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy bizi diýseň begendirdi. Ýene sanlyja ýyldan institutymyzyň 5 müň talyba niýetlenen döwrebap binalar toplumynyň ulanyşa berilmegi ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, ýurdumyzyň hem-de dünýä ylmynyň, maglumat tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryny işjeň peýdalanmaga, ylmy-barlag işleriniň gerimini has-da giňeltmäge

Oba hojalygy: hünärmenleriň taýýarlygynda netijeli işler

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň oba hojalygynyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän we bilim alýan ýaş hünärmenlerdir talyplaryň durmuşynda hem taryhy wakalara beslendi. Gahryman Arkadagymyz milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalygynyň ösdürilmeginde bu ugurda iş alyp barýan ýaş alymlaryň ukyp-başarnyklarynyň, täze gözlegleriniň, ylmy açyşlarynyň giňden ulanylýandygyny belläp, şu ýylyň esasy wakalarynyň birinde — ýaşlar forumynda ýaş alymlaryň ylmy işlerine, olaryň gazanan üstünliklerine ähmiýet berilmelidigini nygtady. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem ýaşlaryň dabaraly maslahatyna we sergisine uly taýýarlyk görülýär. 16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz uniwersitetiň talyplarynyň, mugallymlarynyň hem-de alymlaryň ylym, okuw we ýaşaýyş-durmuş şertleriniň talabalaýyk bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, ýakyn geljekde Arkadag şäherinde kämil derejeli hünärmenler taýýarlanylýan ýokary okuw mekdepli, ylmy-barlag institutlary bolan döwrebap oba hojalyk şäherçesiniň dörejekdigini aýtdy.

Sazlaşykly tagallalara goşant

Hormatly Prezidentimiz: «Şu günki ýaşlar bagtyýar döwürde ýaşaýarlar. Ýaşlaryň sagdyn ösüp, bilim almagy üçin döwletimiz ähli mümkinçilikleri döredýär. Bu günki gün türkmen ýaşlary şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, okamak, öwrenmek, yhlasly zähmet çekmek bilen, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny belende götermäge mynasyp goşant goşmaga çalyşýarlar» diýip belleýär. Tamamlanyp barýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem ähli ugurlarda has giň mümkinçilikleri döredip, ýaşlarymyzy ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrdy. Şu aýyň ahyrynda geçiriljek Ýaşlaryň dabaraly maslahaty bolsa şanly ýylyň özboluşly jemlenmesine öwrülip, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň ders olimpiadalarynda, talyplaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyzyň gazanan üstünliklerine hemmetaraplaýyn baha bermegiň möhüm pursady bolar. Ýaşlar hemişe-de döwletiň kuwwatly güýji hasaplanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlar jemgyýetiň iň işjeň bölegidir. Bu günki gün türkmen ýaşlary oba hojalygyndan başlap, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda netijeli zähmet çekýärler. Halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň doly derejede durmuşa geçirilmegi üçin mümkinçilikleriň üpjün edilmegi bolsa bilim ulga

Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky düýpli özgertmeler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlarda döwrebap özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän täze, döwrebap özgertmelere laýyklykda, bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, bilim edaralarynda berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyklykda ýola goýmak, ýokary hilli okuw kitaplaryny we gollanmalary neşir etmek, täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda dünýä ülňülerine gabat gelýän çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň ýüzlerçesi guruldy we ulanylmaga berildi. Ýurdumyzyň ykdysady we durmuş derejesi aýdyň ösüşleri başdan geçirýär. Ýurtda bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegine ýardam berýän maddy-enjamlaryň binýady pugtalandyrylýar. Bilim edaralary döwrebap enjamlar, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde berilýän bilimiň mazmuny, ýagny häzirki wagtda 12 ýyllyk umumy orta bilimiň mazmuny şahsyýetiň kemala gelşinde ýaş aýratynlyklaryny hasaba alýar. Ol şahsyýetiň ösüşiniň tapgyrlaýyn aýratynlyklaryna esaslanýar we üç basgançakdan ybarat bolup durýar, ýagny ol başlangyç, esasy orta we umumy orta bilim basgançagyny öz içine alýar. Başlangyç bilim 1 — 4-nji synplary öz içine almak bilen 6 —

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ýagty geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny çuňlaşdyrmak babatda uly tagallalar edilýär. Dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda sanly bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagy oňyn netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary örän çalt depgin bilen ösýär. Bu günki gün öýjükli aragatnaşyk serişdeleri, kompýuterler, internet ulgamy durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu ýagdaý bilim ulgamy babatda hem şeýledir. Çünki döwür bilen deň gadam urmak üçin innowasiýalardan işjeň peýdalanmak zerurdyr.

Çäre täsirli geçdi

Geçen anna güni Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 129-njy çagalar bagynda şäheriň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçi-usulyýetçileriniň gatnaşmagynda usuly-amaly okuw geçirildi. Bu usuly-amaly okuwda şu çagalar bagynyň terbiýeçisi Maýsa Babaýewa uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparyň körpeleri bilen adaty däl görnüşde «Sözleýşi ösdürmek» sapagyny gurady. Terbiýeçi körpeler bilen «Sabyrly bol!» ertekisini sahnalaşdyryp, ertekiniň gahrymanlarynyň şekillerini suratlandyryp, sapagy täsirli gurady. Şu çagalar bagynyň rus dili mugallymy Raisa Karadjaýewa uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparynda interaktiw tagtada sapagy döwrebap, okuw maksatnamasyna laýyklykda, usuly taýdan işjeň, dürli görnüşli owadan reňkli esbaplardan peýdalanyp, talabalaýyk we täsirli guramagy başardy.

Okuwçylarda işjeňligi ösdürmegiň ýollary

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesliň saglygyny goramak, bilim-terbiýe bermek, aň-paýhas mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, bilimiň ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny has-da çuňlaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler bilen ösüşli menzillere ýetilýär. Bagtly çagalygyň ýurduna öwrülen Türkmenistanda ýaşlar bu gün bilime we döredijilige giňden çekilýärler. Olimpiadalara, bäsleşiklere gatnaşýan zehinli ýaşlar üstünligi üçin döwlet tarapyndan giň goldawa eýe bolýar, höweslendirilýär. Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar netijesinde amala aşyrylýan özgertmeler okuwçylardyr talyplaryň halkara bäsdeşligine ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Ata-babalarymyzyň halallyga, ýokary ahlaklylyga, ynsanperwerlige, dostluk-doganlyga ýugrulan pähim-paýhas ýörelgelerinden gözbaşly milli bilim ulgamy dünýäniň bilim giňişliginde özüniň mynasyp ornuny tapdy.

Röwşen geljegimiziň şuglasy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, ählitaraplaýyn sazlaşykly ösen, bilimli, zähmetsöýer we watansöýüji ýaş nesli kemala getirmekdir. Bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, oňat hünärmenler bolmalydygy barada çykyşlarynda aýratyn nygtaýar. Häzirki döwürde milli bilim ulgamynyň işi döwrebaplaşdyrylyp, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär hem-de bilim berlişi dünýä ülňülerine laýyk getirilip guralýar. Bilim ojaklary döwrebaplaşdyrylýar we gurulýan mekdepleriň sany ýylsaýyn artýar. Bilim ojaklary dünýä ülňülerine laýyklykda gurulýar we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilýär, sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Ýaş nesliň okamagy, öwrenmegi, bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär.

Öňdebaryjy tejribelerden ugur alyp

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda uly ösüşler gazanylýar. Şol ösüşlerde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän bilim özgertmeleri mynasyp orun eýeleýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz 2022-nji ýylyň 9-njy iýunynda Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň dowamynda ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna baryp, professor-mugallymlar we talyp ýaşlar bilen söhbetdeş boldy, bilim ojagyndaky şertler bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz geljekki mugallymlar, terbiýeçiler we bilim işgärleri bolan talyplara çuňňur bilim bermek, olary Watana wepaly ýaşlar edip ýetişdirmek babatda özüniň gymmatly maslahatlaryny berdi. Milli Liderimiziň institutyň täze, döwrebap binalar toplumyny gurmak baradaky taryhy başlangyjy öňe sürmegi bilim ojagymyzyň mugallymlarynydyr talyplaryny örän begendirdi, olary has-da döredijilikli işlemäge, kämil bilim almaga höweslendirdi.

Talyplar halkara ekologiýa bäsleşiginiň ýeňijileri boldular

Institutymyzyň talyby Esmira Babajanowa S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ekologiýa dersi boýunça geçirilen II internet olimpiadasynda birinji orna mynasyp boldy. Ol bu orny ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň ýene-de 18-si bilen paýlaşdy. Baýry ýokary okuw mekdebimiziň talyby bäsleşikde 51 utuk toplamagy başardy.

Talyplar rus dili boýunça ukybyny ykrar etdirdiler

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary rus dili boýunça geçirilen halkara internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlaryň birnäçesine mynasyp boldular. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan geçirilen bäsleşikde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Leýli Romanowa (86,35 utuk), Kamilla Ismatullaýewa (83,25 utuk), Enegül Abdyllaýewa (81,95 utuk), Malika Mawlýanowa (78,35 utuk), Samira Batyrowa (78,13 utuk) we Altynjemal Sylabowa (77,85 utuk) dagy birinji orna mynasyp boldular.

«Di­lim bar — dün­ýäm bar»

«Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam», «Dil bilen dünýäni gezer», «Dilim bar — dünýäm bar» ýaly halk pähimlerinde ündelýän pikirler döwlet tarapyndan indi birnäçe onýyllyklardan bäri maksatnamalaýyn esasda dil öwrenmegi ýola goýmak boýunça amala aşyrylýan işlerde öz beýanyny tapýar. Köp dil bilmek baýlykdyr, ruhy kämillikdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ene dilimizi çuňňur bilmekleri, daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, bilim ojaklaryna sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy, maglumat-telekommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösmegi ýaşlara öwredilýän dilleri tiz özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmekde ýörite gollanmalaryň, kitaplaryň, sözlükleriň ulanylmagy uly ähmiýete eýedir. Bu babatda okuw maksatnamalarynyň mazmuny döwrebaplaşdyrylyp, okuw kitaplary, gollanmalar neşir edilýär.

Daşary ýurt dillerini kämil öwrenmek – döwrüň derwaýyslygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty bilen öňe sary ädimläp, döwletli döwrany gurýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi ýurduň ýaş nesliniň daşary ýurt dillerine sowatlylygy bilen hem baglydyr. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” kabul edildi. Bu Konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleriň hatarynda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Hut şunuň özi hem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek boýunça alyp barýan döwletli syýasatynyň aýdyň görkezijisidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňden görüjilikli syýasaty esasynda dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bu ugur