Talyplar rus dili boýunça ukybyny ykrar etdirdiler

15 Dekabr 2023
630

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary rus dili boýunça geçirilen halkara internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlaryň birnäçesine mynasyp boldular.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan geçirilen bäsleşikde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Leýli Romanowa (86,35 utuk), Kamilla Ismatullaýewa (83,25 utuk), Enegül Abdyllaýewa (81,95 utuk), Malika Mawlýanowa (78,35 utuk), Samira Batyrowa (78,13 utuk) we Altynjemal Sylabowa (77,85 utuk) dagy birinji orna mynasyp boldular.