Bagtyýar ýaşlar — röwşen geljegimiz

19 Dekabr 2023
643

Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, orta we ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň derejesini we hilini döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Her ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler girizilýär, talyplaryň sany artýar. Häzirki zaman okuw meýilnamalary we maksatnamalary taýýarlanylyp, bilim ulgamyna ornaşdyrylýar. Paýtagtymyzda we welaýatlaryň dolandyryş merkezlerinde täze ýokary okuw mekdepleri işe girizilýär, oba-şäherlerde çagalar baglary, orta mekdepler açylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri — bagtyň, eşretleriň, abadan ýaşaýşyň, ykballaryň galkynýan zamanasy. Şu ajaýyp zamanada ýaşlara bilim öwretmek bagtdyr.

Bu günki ýaş nesiller — mekdep okuwçylary, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary — ertirki hünärmenler, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşine özüniň mynasyp goşandyny goşjak raýatlar. Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz olaryň ylym-bilim öwrenmeklerine örän uly jogapkärçilikli çemeleşmegiň juda zerurdygyna ünsi çekýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýip bellemek bilen, Watanymyzyň ýagty ertirleriniň eýeleri bolan ýaşlara örän uly ynam bildirýär. Ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki ösýän döwründe sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent kadalaryna ygrarly nesli terbiýelemek mugallymlaryň we bilim işgärleriniň esasy wezipesi bolup durýar. Eziz Watanymyzda ýaş nesiller we olaryň röwşen geljegi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli künjeginde we paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ähli

Seýýara SAPAROWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.