Röwşen geljegimiziň şuglasy

17 Dekabr 2023
714

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, ählitaraplaýyn sazlaşykly ösen, bilimli, zähmetsöýer we watansöýüji ýaş nesli kemala getirmekdir. Bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, oňat hünärmenler bolmalydygy barada çykyşlarynda aýratyn nygtaýar.

Häzirki döwürde milli bilim ulgamynyň işi döwrebaplaşdyrylyp, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär hem-de bilim berlişi dünýä ülňülerine laýyk getirilip guralýar. Bilim ojaklary döwrebaplaşdyrylýar we gurulýan mekdepleriň sany ýylsaýyn artýar. Bilim ojaklary dünýä ülňülerine laýyklykda gurulýar we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilýär, sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Ýaş nesliň okamagy, öwrenmegi, bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär.

Amanbibi HALMYRADOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.