Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

17 Dekabr 2023
730

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ýagty geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny çuňlaşdyrmak babatda uly tagallalar edilýär. Dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda sanly bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagy oňyn netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary örän çalt depgin bilen ösýär. Bu günki gün öýjükli aragatnaşyk serişdeleri, kompýuterler, internet ulgamy durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu ýagdaý bilim ulgamy babatda hem şeýledir. Çünki döwür bilen deň gadam urmak üçin innowasiýalardan işjeň peýdalanmak zerurdyr.

Ogulkümüş AMANOWA,
Aşgabat şäherindäki 59-njy orta mekdebiň müdiri.