Kämilligiň gözbaşy

19 Dekabr 2023
700

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň geljegi üçin ukyply hem-de zehinli ýaşlary terbiýelemekde, olary öz kärine ökde hünärmenler edip ýetişdirmekde netijeli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ozaly bilen, ýurduň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek üçin dünýäniň gazanan iň kämil usullaryny durmuşa giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykly möhüm işler amal edilmeli. Dünýä ylmynyň gazanan döwrebap usullary, şonuň bilen birlikde halkymyzyň milli medeniýetinden gözbaş alýan ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda ýaş nesli terbiýelemek babatda amala aşyrylan özgertmeler bolsa häzirki zaman usulyýetiniň özenidir. Dünýäde bilimiň, ylmyň yzygiderli ösmegi bilen ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara berilýän bilim hem döwrebaplaşdyrylýar. Ýaşlara bilim bermegiň, ylym öwretmegiň täze-täze tejribeleri durmuşa ornaşdyrylýar. Bilimiň esasy daýanjy bolan kompýuter enjamlary bilen bilim ojaklary yzygiderli üpjün edilýär. Bu bolsa ýaşlara yhlasly okamaga, ukyp-başarnygyny yzygiderli kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim kämilleşdirilýär, okatmagyň täze ugurlary, sanly ulgam ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýaşlarymyz ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişýärler. Şunda ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirmekleri, çuňňur bilmekleri aýratyn üns merkezinde saklanýar. Çünki ylym-bilim ynsanyň pikirlenişini ösdürýär, dünýägaraýşyny has-da giňeldýär. Munuň özi bolsa ýaşlaryň kämil adamlar bolup ýetişmeginde oňat ýardam berýär.

Merdan ANNAGELDIÝEW,
Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.