Öňdebaryjy tejribelerden ugur alyp

16 Dekabr 2023
609

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda uly ösüşler gazanylýar. Şol ösüşlerde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän bilim özgertmeleri mynasyp orun eýeleýär.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz 2022-nji ýylyň 9-njy iýunynda Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň dowamynda ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna baryp, professor-mugallymlar we talyp ýaşlar bilen söhbetdeş boldy, bilim ojagyndaky şertler bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz geljekki mugallymlar, terbiýeçiler we bilim işgärleri bolan talyplara çuňňur bilim bermek, olary Watana wepaly ýaşlar edip ýetişdirmek babatda özüniň gymmatly maslahatlaryny berdi. Milli Liderimiziň institutyň täze, döwrebap binalar toplumyny gurmak baradaky taryhy başlangyjy öňe sürmegi bilim ojagymyzyň mugallymlarynydyr talyplaryny örän begendirdi, olary has-da döredijilikli işlemäge, kämil bilim almaga höweslendirdi.

Gurbangeldi MUHAMMEDOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory.