Oba hojalygy: hünärmenleriň taýýarlygynda netijeli işler

18 Dekabr 2023
433

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň oba hojalygynyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän we bilim alýan ýaş hünärmenlerdir talyplaryň durmuşynda hem taryhy wakalara beslendi. Gahryman Arkadagymyz milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalygynyň ösdürilmeginde bu ugurda iş alyp barýan ýaş alymlaryň ukyp-başarnyklarynyň, täze gözlegleriniň, ylmy açyşlarynyň giňden ulanylýandygyny belläp, şu ýylyň esasy wakalarynyň birinde — ýaşlar forumynda ýaş alymlaryň ylmy işlerine, olaryň gazanan üstünliklerine ähmiýet berilmelidigini nygtady.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem ýaşlaryň dabaraly maslahatyna we sergisine uly taýýarlyk görülýär. 16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz uniwersitetiň talyplarynyň, mugallymlarynyň hem-de alymlaryň ylym, okuw we ýaşaýyş-durmuş şertleriniň talabalaýyk bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, ýakyn geljekde Arkadag şäherinde kämil derejeli hünärmenler taýýarlanylýan ýokary okuw mekdepli, ylmy-barlag institutlary bolan döwrebap oba hojalyk şäherçesiniň dörejekdigini aýtdy.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.