Ylym-bilimde halkara hyzmatdaşlyk

19 Dekabr 2023
694

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz dünýäniň ösen ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklaryny ösdürýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurtlaryň ylym-bilim merkezleri bilen dürli ugurlarda, şol sanda ýangyç-energetika, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirini azaltmak boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edilýär.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, «Türkmennebit» döwlet konserni we Birleşen Arap Emirlikleriniň Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd. kompaniýasy 2022-nji ýylda özara hyzmatdaşlyk etmek barada üçtaraplaýyn Şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, uniwersitet kompaniýa bilen ylym-bilim ulgamynda, nebitgaz pudagyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak hem-de daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça bilelikde ylmy-barlag we taslama işlerini alyp barýar.

Muhammetniýaz GURDOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.