Zehinli ýaşlar — Watanymyzyň şu güni hem geljegi

19 Dekabr 2023
689

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň milli bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny, şol sanda ýokary bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça başyny başlan asylly işleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Bu ugurdaky tagallalar, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli, başarjaň işgärleri kemala getirmäge gönükdirilendir. Şunda geljekki gurluşykçylardyr binagärleri taýýarlamaga ýöriteleşen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna hem möhüm orun degişli.

Bilşimiz ýaly, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda, umuman, bilim ulgamynda taryhy wakalara örän baý ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlarydyr talyplary üçin hem aýratyn ýatda galyjy ýyllaryň birine öwrüldi. 1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşmagynda ýokary okuw mekdebimiziň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy bizi diýseň begendirdi. Ýene sanlyja ýyldan institutymyzyň 5 müň talyba niýetlenen döwrebap binalar toplumynyň ulanyşa berilmegi ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, ýurdumyzyň hem-de dünýä ylmynyň, maglumat tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryny işjeň peýdalanmaga, ylmy-barlag işleriniň gerimini has-da giňeltmäge täze mümkinçilikleri döreder.

Maksat IŞANGULYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylym bölüminiň başlygy.