Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky düýpli özgertmeler

17 Dekabr 2023
447

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlarda döwrebap özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän täze, döwrebap özgertmelere laýyklykda, bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, bilim edaralarynda berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyklykda ýola goýmak, ýokary hilli okuw kitaplaryny we gollanmalary neşir etmek, täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda dünýä ülňülerine gabat gelýän çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň ýüzlerçesi guruldy we ulanylmaga berildi. Ýurdumyzyň ykdysady we durmuş derejesi aýdyň ösüşleri başdan geçirýär. Ýurtda bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegine ýardam berýän maddy-enjamlaryň binýady pugtalandyrylýar. Bilim edaralary döwrebap enjamlar, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde berilýän bilimiň mazmuny, ýagny häzirki wagtda 12 ýyllyk umumy orta bilimiň mazmuny şahsyýetiň kemala gelşinde ýaş aýratynlyklaryny hasaba alýar. Ol şahsyýetiň ösüşiniň tapgyrlaýyn aýratynlyklaryna esaslanýar we üç basgançakdan ybarat bolup durýar, ýagny ol başlangyç, esasy orta we umumy orta bilim basgançagyny öz içine alýar. Başlangyç bilim 1 — 4-nji synplary öz içine almak bilen 6 — 10 ýaşly çaganyň aňynyň ösüş aýratynlyklaryna laýyklykda umumy bilim almak endiklerini we başarnyklaryny terbiýelemäge, özbaşdak bilim almak höwesini we ukybyny ösdürmäge, öz-özüne erk etmek başarnyklaryny taplamaga gönükdirilendir. Esasy orta bilim 5 — 10-njy synplarda amala aşyrylýar we 10 — 16 ýaşly çagalarda ahlak sypatlaryny, öz pikirini beýan etmek we düşündirmek ukybyny, hünär edinmek höwesini, kanun öňündäki jogapkärçiligi duýmaklygy, bilim almagyň ylmy esaslaryny öwrenmek endiklerini emele getirýär. Umumy orta bilim 11-12-nji synplarda berilýär. Ol 16 — 18 ýaşly ýetginjeklerde giň dünýägaraýşyň, öz geljegini meýilnamalaşdyrmak, maksatlaryna ýetmegiň ýollaryny gözlemek ukyplaryny emele getirýär. Umumy orta bilimiň mazmuny döwlet bilim ölçegleriniň talaplaryna laýyk gelýän dersler boýunça maksatnamalary öz içine alýar. Mekdeplerde: Türkmenistanyň medeni mirasy, ykdysadyýetiň esaslary, ekologiýa, dünýä medeniýeti, informasiýa-kommunikasiýasy we innowasion tehnologiýalary, modelirleme we grafika ýaly okuw dersleri girizildi.

Ýurt möçberinde möhüm ähmiýete eýe bolan çözgütleriň kabul edilmegi bilen bilim işgärleriniň öňünde uly we jogapkärli wezipeler, şol sanda bilim ulgamynda bar bolan öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek we durmuşa geçirmek wezipesi peýda bolýar. Bu wezipelere laýyklykda amala aşyrylmaly işleriň hötdesinden abraý bilen gelmek bolsa mugallymlaryň paýyna düşen borç bolup durýar. Bu babatda ýurdumyzda berilýän bilimiň dünýä ülňülerine gabat gelmegi üçin edilýän aladalaryň öz oňyn netijelerini berýändigi has hem begendirýär. Türkmenistan döwletimiziň bilim ugrundaky abraýy belende galýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara görkezijileriniň artmagy hem muňa aýdyň mysal bolup durýar.

Ogulbaýram Saparowa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.