Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

19 Dekabr 2023
660

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde döredilen sanly bilim portalyndan ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň, hünärmenleriniň, şeýle-de talyp ýaşlarynyň netijeli peýdalanmaklary üçin ähli şertler döredildi. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminamalar, okuw, ylym we innowasiýa, okatmagyň elektron serişdeleri, bäsleşikler, olimpiadalar, sport, uzak aralykdan bilim almak, elektron kitaphana, bildirişler, täzelikler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da, sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar, bäsleşikler yzygiderli guralýar.

Gutly GOŞAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.