Okuwçylarda işjeňligi ösdürmegiň ýollary

17 Dekabr 2023
704

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesliň saglygyny goramak, bilim-terbiýe bermek, aň-paýhas mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, bilimiň ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny has-da çuňlaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler bilen ösüşli menzillere ýetilýär. Bagtly çagalygyň ýurduna öwrülen Türkmenistanda ýaşlar bu gün bilime we döredijilige giňden çekilýärler. Olimpiadalara, bäsleşiklere gatnaşýan zehinli ýaşlar üstünligi üçin döwlet tarapyndan giň goldawa eýe bolýar, höweslendirilýär.

Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar netijesinde amala aşyrylýan özgertmeler okuwçylardyr talyplaryň halkara bäsdeşligine ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Ata-babalarymyzyň halallyga, ýokary ahlaklylyga, ynsanperwerlige, dostluk-doganlyga ýugrulan pähim-paýhas ýörelgelerinden gözbaşly milli bilim ulgamy dünýäniň bilim giňişliginde özüniň mynasyp ornuny tapdy.

Bahargül BAÝJANOWA,
Gyzylarbat etrabyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň mugallymy.