"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Mürüşgärler

Tebigat bilen ysnyşmak, oňa ýakynlyk adamyň ruhy dünýäsini ynsanperwerlik duýgularyna besleýär. Halkymyz gadymydan gelýän tebigata, haýwanat dünýäsine ynsanperwer garaýşy asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip gelensoň, ol däp-dessur ýörelgelerine öwrülipdir. Şol ýörelgäniň naýbaşy nusgasy mürüşgärlik, ýagny elguş bilen aw etmek däbidir. Gahryman Arkadagymyz «Aw — bu, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň gözel tebigaty bilen tanyşmaga mümkinçilikdir» diýip, ýerlikli belleýär. Awçylyk kesbi türkmen halkynyň durmuşynda gadymy döwürden bäri uly orun tutýar.

Şu gün – Türkmen bedewiniň milli baýramy

Şöhraty dünýä dolan bedew Şu gün Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda  Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenilip geçilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň milli gymmatlyklarymyzyň biri hasaplanylýan «gamyşgulak» bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende götermek baradaky taýsyz tagallalaryny hormatly Prezidentimiziň işjeň dowam etdirýändiginiň nyşany bolup, olara halkymyzyň, şol hatarda ýaşlaryň hormat-söýgüsini artdyrmakda örän uly ähmiýete eýedir.

Halypa atşynaslar bäsleşdiler

Ozal habar berlişi ýaly, şu gün Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynda harby halypa atşynaslar täze toplumyň giň aýlawynda çapyşyk boýunça ýaryş geçirdiler. Olar atlaryny ula goýberip, pellehanadan ilki bolup geçmek üçin çekeleşikli çapyşdylar. Örän gyzykly hem-de özboluşly geçen at çapyşygyna ussat halypalar öz seýislän atlary bilen gatnaşdylar. Ýeňiji bolan atşynasa hormatly Prezidentimiziň adyndan Şa serpaýy ýapyldy, ýagny ol ýeňil awtoulag bilen sylaglandy. Şeýle taryhy pursatlar ýatdan çykmajak waka öwrüldi.

Hormatly Prezidentimize behişdi bedewler sowgat berildi

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy taryha altyn harplar bilen ýazyldy. Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de täze desganyň açylmagy mynasybetli hormatly Prezidentimize ähli welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň, atşynaslaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň adyndan behişdi bedewler sowgat berildi. Bu baýramçylyk şüweleňini has-da artdyryp, dabara gatnaşyjylarda uly buýsanç duýgularyny döretdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatlardan baýramçylyga gatnaşýan hormatly ýaşululara, behişdi bedewleriň şöhratly taryhynyň dowam etdirilmegine uly goşant goşýan ähli atşynaslara minnetdarlyk bildirdi.

«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» yglan edildi

Şu gün harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginde Goşsakar diýen at 2023-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi hökmünde ykrar edildi. Bu at Garaşsyz we Sülgün diýen atlaryň neslinden bolup, onuň seýsi Atçapar Bajamow. Ussat seýse hormatly Prezidentimiziň adyndan ýeňil awtoulag sowgat berildi.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumy açyldy

Şu gün, 29-njy aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Köpetdagyň ajaýyp künjeginde Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toplumy açyldy. Açylyşyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşyp, täze toplumyň işe girizilmegine ak pata berdi. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli açylan atçylyk toplumynda ýörite atlar üçin athanalaryň bolmagy, ideg etmek, seýislemek, çapuwa taýýarlamak, yzygiderli sanly ulgam arkaly gözegçilikde saklamak, umuman, arassa ganly ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Şeýle-de bu ýerde zähmet çekjek harby gullukçylar üçin durmuş maksatly binalaryň birnäçesi gurlupdyr. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň atşynaslarymyza döredip berýän şertleriniň, behişdi bedewlerimize goýýan belent sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Baýramçylyk günlerinde bu atçylyk toplumynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi atşynaslarymyz üçin uly sowgat boldy.

Halkymyzyň ýelden ýüwrük bedewi

Türkmeniň ahalteke bedewleri dünýäde iň kämil bedewler hasaplanylýar. Ady rowaýata öwrülen bedewler  Arkadag Serdarly zamanamyzda hem  halkymyzyň buýsanjy, milli gymmatlygy hökmünde sarpalanýar. Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli  baýramy mynasybetli, her ýyl ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşikleri geçirilýär. Bu bäsleşiklerde ýeňiji bolan atlaryň seýisleriniň Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyna mynasyp bolmagy atşynaslar üçin uly bagtdyr.

Türkmen bedewiniň milli baýramyna

Gül Watanyň şöhrat-şany Halkymyz birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda türkmen gerçekleriniň toý gününde ýoldaşy, ýowuz günde syrdaşy bolan bedew atlara aýratyn sarpa goýýar. Geçmişe nazar salsaň, başyna agyr iş düşende, hupbatly söweş günlerinde, dagda, düzde, çöl-beýewanda, gyşyň aňzagynda, tomsuň epgeginde ýalňyz galanda türkmeniň öz bedewine bil baglandygyna göz ýetirýärsiň.

Atçylyk pudagynyň ösüş taryhy

Ýurdumyzda atçylygy ösdürmek, ony dikeltmek we kämilleşdirmek, gadymy tohum atlarymyzyň arassa ganly ýyndam nesillerini köpeltmek möhüm wezipe bolup, bu babatda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Ata-babalarymyzyň ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda kämilleşdirip, dünýä gymmatlyklarynyň hataryna örän kämil nusgada goşan ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmeginiň özi ajaýyp sungat hasaplanylýar. Ahalteke atlarynyň asyrlarboýy kämilleşip gelmegine uly ýardam eden türkmen seýisçilik sungaty häzirki wagtda döwrebap häsiýete eýedir. Bu bolsa türkmen atşynaslarynyň dünýä medeniýetine goşan özboluşly goşandydyr. Şeýlelikde, bu hormatly hünäriň inçeligini, ýagny atlary seýislemegiň däbe öwrülen halk usullaryny, düzgünlerini gözlemegiň we öwrenmegiň diňe bir ylmy, taryhy däl, eýsem örän wajyp önümçilik ähmiýeti hem bardyr. Türkmen seýisçilik sungatynyň döreýiş taryhy we ösüşi barada aýdylanda, atlary eldekileşdirmek, ýaşaýyş-durmuşda peýdalanmak işleri bilen ata-babalarymyzyň irki döwürlerde meşgullanyp başlandyklaryny bellemek zerur. Dünýäde ýabany atlary eldekileşdirmek, ilkinji saýlama-seçiş işlerini geçirmek, atçylykda tohum döretmekligiň çäreleri türkmen topragynda özüniň başlangyjyny tapypdyr. Taryhy maglumatlarda biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllykda dünýä atçylygynyň, seýisçiligiň, at esbaplary bilen baglanyşykly ösüşleriň, özgerişleriň, atly goşunyň, onuň harby sungatynyň, umuman, atçy

Mil­le­tiň mer­te­be­si­ni beý­geld­ýän gym­mat­lyk

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewleriniň mertebesi has-da belende galýar. Ahalteke tohumly bedewler dünýäniň medeni atşynaslygynyň gözbaşy saýylýar. Şonuň üçin olar milletimiziň mertebesini beýgeldýän gymmatlykdyr. Häzirki wagtda bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, ganatly bedewlerimiz milli we dünýä medeniýetiniň taryhy ähmiýetli gudraty bolmagynda galmak bilen, ýurdumyzyň üstünlikleriniň nyşanyna, ata-babalarymyzyň hasyl bolan arzuwlarynyň alamatyna öwrüldi. Atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, arassa ganly ahalteke bedewleriniň sanyny artdyrmak, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, atçylyk sportunyň we at üstündäki milli oýunlaryň dürli görnüşlerini wagyz etmek boýunça çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şu maksat bilen paýtagtymyzdaky atçylyk sport toplumynyň ýanynda ýapyk manežli okuw merkezi açyldy, bu ýerde sportuň at çapyşygy, marafon, konkur ýaly görnüşleri boýunça türgenler taýýarlanylýar. Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Arkadag şäherinde gurulýan desgalaryň arasynda Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň binasynyň bolmagy hem has begendirýär.  2018-nji ýylda Akhanyň üstünligi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Çarpaýa galyp, gysga wagtda art aýaklarynyň üstünde iň uzak aralygy geçmekdäki ýokary görkezi

Ýanardag, Akhan, Rowaç, Aşgabat

Zehinli atbakarlaryň tutanýerli zähmeti we aladasy bilen kemala getirilen Ýanardag, Akhan, Rowaç, Aşgabat ýaly ýelden ýüwrük, gözel, kämil hem-de asylly bedewlerimiz, sözüň doly manysynda, Watanymyzyň okgunly ösüşiniň, öňe, rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly gadamlarynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Ady rowaýata öwrülen Ýanardagyň şekili Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Döwlet tugrasyny bezeýär. Ady belli Akhan hem dünýä taryhynda görnükli yz galdyrmagy başardy. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda Akhanyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakyldy. 2018-nji ýylda bolsa Akhan çarpaýa galyp, artky aýaklarynyň üstünde ýöremekde 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçip, bäsleşigiň bu görnüşi boýunça dünýä rekordyny täzeledi.

Zamananyň zynaty

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar eziz Diýarymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda has-da şowhunly geçirilýär. Olaryň maksatnamasyna konsertler, sergiler, edebi-sazly çykyşlar we şygryýet agşamlary, ýurdumyzyň atşynaslaryny hem-de seýislerini sarpalamak dabaralary girizildi. Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen ahalteke bedewleri taryhyň gatynda mynasyp ornuny tapypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby ahalteke bedewleriniň müňýyllyklaryň dowamynda beýik sungat hökmünde kemala gelşi, gylyk-häsiýetleri barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Türkmen seýisleri «ýüzden ýüwrük, müňden tulpar» diýen pähime eýerip, at sürüleriniň içinden geljekde haýsy taýçanagyň nähili meşhur bolup ýetişjekdigini aýtmagy başarypdyrlar. Taýçanagyň ýa-da atyň reňkine, häsiýetine we beden gurluşynyň aýratynlyklaryna görä, onuň näderejedäki at bolup ýetişjekdigini öňünden bilipdirler. Bedew atlara atlanan Watan goragçylary öz atlary bilen mydama türgenleşikde bolupdyrlar. Şonuň üçin hem olar bedew üstündäki oýunlara has-da kämilleşip, çalasynlygy we çalt pikirlenmegi, dürli ýagdaýlardan basym netije çykarmagy başarypdyrlar. Türkmen ýigitleri at üstünde ýerine ýetirilýän «Ata bukulma we atly bukulma», «Atly göreş», «Çybykkesdi», «Altyngabak», «Syrtmak atma», «At bökdürme», «At agdarma» ýaly türgenleşik häsiýetli oýunlary ussatlyk bilen

Ýüplükleri kelepläp

Türkmen zenanlarynyň gözelligine has-da öwüşgin berýän dürli reňklerdäki milli ketenilerimizi, düýpli gyňaçlarymyzy we donluk, çabytlyk alaça matalarymyzy dokamak üçin tara guraly ulanylýar. Ýönekeýligine garamazdan, onda mata dokamak üçin dessik, güle, darak, üzeňňi, mäki, nöwert, çarh, perk, lekleki we kelep agajy ýaly birnäçe gurallar gerek. XX asyryň ikinji ýarymynda tara senedine ýene-de bir täze gural ornaşdyrylýar. Zenanlaryň işini birnäçe esse ýeňilleşdiren ol gural «lekleki» diýlip atlandyrylýar.

Bedew hormaty

Ynsan medeniýetiniň ösüşinde bedew atlaryň orny örän uly. Ata-babalarymyz «Atyňdan aýrylsaň hem gazygyny bozma!» diýen nakyly döredipdirler. Sebäbi at öý eýelerine rysk diläp ýaşarmyş. Bedewler halamaýan kişisini golaýyna getirmeýärler. Adatça, ata onuň çep tarapyndan münülýär. Irki döwürlerden bäri at bilen ynsanyň arasynda ýakynlyk bar. Gadymy edebiýatlara ser salsak, at hakynda juda gyzykly maglumatlara duş gelmek bolýar. Parasatly kitaplarda «Perzentleriňize at münmegi öwrediň!» diýlip nygtalýar. Ata-babalarymyz nesil terbiýesinde atyň uly ähmiýete eýedigini nygtapdyrlar. At üstünde oturan kişiniň ruhy sagdyn bolýar. Bedew münen jahyl mertebeli we görmegeý görünýär.

Parasat bulagynyň akyl ussady

Özüniň ýiti zehini, çuňňur durmuşy tejribä, pelsepä ýugrulan döredijiligi bilen milletini beýgelden, ajaýyp söz ussady Magtymguly Pyragynyň ady bu gün dünýä ýaň salýar. Akyldar şahyryň üstünden asyrlar aşsa-da, gymmatyny ýitirmeýän, tersine, barha ähmiýetini artdyrýan şygyrlary umumadamzat gymmatlygyna öwrüldi. Munuň şeýledigine şahyryň şygyrlar ýygyndylarynyň dürli ýyllarda dünýä halklarynyň dillerinde neşir edilendigi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Akyldar şahyryň döredijiligi dünýäniň alymlarynda uly gyzyklanma döredipdir. Olaryň ýadawsyz tagallalarynyň netijesinde şahyryň şygyrlary nemes diline hem terjime edilipdir. 1879-njy ýylda Leýpsigde wenger gündogary öwrenijisi, syýahatçysy Armeniý Wamberi akyldar şahyryň şygyrlarynyň 31-sini türkmen we nemes dillerinde dolulygyna, şeýle-de şygyrlaryň 9-syndan bolsa parçalary «Türkmen dili we Magtymguly diwany» atly žurnalda çykardyp ýaýradypdyr. Magtymguly Pyragy görnükli nemes şahyrlary Gýotäniň, Geýnäniň döredijiligine hem özüniň täsirini ýetiripdir. Bu maglumatlar beýik Pyragynyň edebi mirasynyň ýaýrawynyň giňdiginden, ähmiýetiniň uludygyndan habar berýär.

Gymmatly gollanma

Türkmen topragy saglygy dikeltmek üçin ägirt uly mümkinçiligi özünde jemleýän melhemler mekanydyr. Ata-babalarymyz tebigat bilen sazlaşykly ýaşap, tebigy ösümlikler bilen dürli keselleri bejermek, entek hassa bolmazdan ozal bedeni ýokumly tebigy iýmitdir içgiler bilen taplamak barada toplan ýörelgelerini nesillere miras goýupdyrlar. Gadymy döwürlerden bäri adamlar ösümlikleriň bejerijilik güýjüni anyklap, dürli kesellerden saplanmak üçin olary ulanypdyrlar. Häzirki döwürde asyrlaryň dowamynda toplanan we nesilden-nesle geçip gelýän halk tebipçilik tejribeleri ylmy esasda öwrenilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby bu ugurda bahasyz gollanma öwrüldi. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XIV jildiniň iňlis dilinde çap edilmegi Türkmenistanyň halkara derejedäki abraýynyň belende galýandygynyň, dünýä ýurtlary bilen özara düşünişmek esasynda ýola goýulýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň berkidilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Bedewler türkmeniň şany-şöhraty

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby bedew hakynda şu güne çenli bar bolan maglumatlaryň üstüni ýetirmek bilen, behişdi bedewleriň — ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda aýratyn orna eýe. Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda nesil terbiýesinde asmany atlaryň ähmiýetiniň uludygyny nygtaýar. Şonuň üçin-de ata-babalarymyz dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen ajaýyp bedewleri iň kämil derejede seýisläp, köpeldip we ganyny arassa saklap, özlerinden soňky nesillere miras galdyrypdyr. Şeýle bolansoň irki döwürlerden häzirki günlere çenli Türkmenistan we onuň çäkleri behişdi bedewleriň mekany hökmünde dünýäde meşhurlyk gazandy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewleriniň şöhratyny, asylly däplerimizi dünýä halklarynyň arasynda wagyz etmekde nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini türkmeniň uçar ganatynyň gan arassalygyny gorap saklamak, tohum atlaryň sanyny köpeltmek, atçylyk sportuny ösdürmek bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işler-de aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew» atly dürdäne kitaplary bolsa sungat derejesine ýetirilen bu janly eserleriň gelip çykyşy we kemala gelşiniň taryhy barada maglumat almaga doly mümkinçilik döredýär.

Atym — ganatym

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ata-babalarymyzyň döreden maddy gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan türkmen bedewleri halkymyzyň buýsanjydyr. Ahalteke bedewleri behişde mynasyp görülýän, gyzdan gylykly, gözelligiň nusgasydyr» diýip belleýär hem-de türkmeniň atşynaslyk sungatynyň rowaçlyga beslenmegi, ahalteke bedewlerimiziň şöhratly ýolunyň gaýtadan dabaralanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýär. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, Türkmen bedewiniň milli baýramyna gabatlanyp, halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisleriniň we bedewleriň gözellik bäsleşikleriniň geçirilmegi şeýle tagallalardan nyşan bolup durýar. Häzirki wagtda Köpetdagyň taryhy künjeginde bina edilýän Arkadag şäherinde Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, atçylyk sirkiniň, şeýle-de ady rowaýata öwrülen Akhanyň ýadygärlik binasynyň gurulýandygy has-da guwandyrýar. Gahryman Arkadagymyz ajaýyp kitaplarynda dünýäde arassa ganlylygyny saklan ýeke-täk bedewiň ahalteke atlarydygyny bellemek bilen, seýis ata-babalarymyzyň irginsiz zähmeti, yhlasy we söýgüsi siňen bedewlerimiz barada täsirli maglumatlary beýan edýär. Gahryman Arkadagymyzyň şany dünýä dolan behişdi bedewlerimiz hakda ýazan kitaplaryny okanymyzda türkmenleriň dünýä halklarynyň arasynda ilkinji bolup kämil at tohumyny döretmegiň, atlary s

Halkymyzyň buýsanjy

Türkmen halkyna bütin dünýäde şöhrat getiren atçylyk sportuny we atçylyk pudagyny ösdürmek meselesi hormatly Belent Serkerdebaşymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Berkarar Watanymyzda atçylyk pudagy döwlet tarapyndan yzygiderli goldawa eýe bolmak bilen, uly rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän we tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy muňa aýdyň mysaldyr. Türkmenistanda atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine çynlakaý üns berilmegi bolsa, ýurdumyzyň atçylyk pudagyny, şöhrat gazanan ahalteke bedewlerimizi halkara ýaryşlaryna taýýarlamak işleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Her ýylda behişdi bedewlerimiziň baýramyny bellemek asylly däbe öwrüldi. Ýurdumyzda aprel aýynyň soňky ýekşenbesi Türkmen bedewiniň milli baýramy hökmünde dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli baý many-mazmunly şowhunly çäreleriň geçirilmegi toýuň dabarasyny has-da belende göterýär.

Zerden zynatly börükler

Türkmen halkynyň zynatlyga, ajaýyplyga ýugrulan sünnä işleri bütin dünýäni haýrana goýýar. Bu milli gymmatlyklarymyz gelin-gyzlarymyzyň muhabbete mizän kalbyndan kemal tapandyr. Gözelligiň nagmasy bolan gymmatlyklarymyz sungat eseriniň naýbaşy nusgalaryny esaslandyrýar. Olarda ata-babalarymyzyň geçen şöhratly menzilleri, ülkämiziň ajaýyp tebigaty janlanýar. Gözellik sazlaşygyny özünde jemleýän milli gymmatlyklarymyzyň aýratyn nusgalarynyň biri hem türkmen zenanlarynyň höwes bilen başa geýýän börükleridir. Her bir halkyň öz milliligine aýratyn buýsanjy bolýar. Şoňa görä-de milli lybaslarymyz hakynda söhbet açylanda zenanlarymyzyň başynyň bezegi bolan börükler aýratyn ünsi çekijidir. Ylaýta-da, täze gelinleriň eginlerindäki keteni bilen kybapdaş edip, dürli şaý-sepler bilen bezelen börügi başyna geýip, myhmançylyga gidýän pursatlaryny daşyndan synlanyňda kalbyňdaky milli lybaslarymyza bolan söýgi has hem möwç urýar. Hakykatdan-da, börük türkmen zenanlaryny syrdam, kaşaň görkezýär. Aňyrdan dähedem-dessemläp ýöräp gelýän börükli gelinler ertekilerde wasp edilýän hüýr-melekleri ýada salýar. Bu bolsa ene-mamalarymyzyň zynatlyk dogrusynda giň dünýägaraýyşlarynyň bolandygyny subut edýär. Täsirli gözelligi synlanyňdan soňra zenanlarymyzyň haýsy döwürlerden başlap başyna börük geýip başlandyklary baradaky sorag öz erkimize goýmaýan bolsa gerek. Şoňa görä-de, zenan zynaty bolan börükleri