Mürüşgärler

30 Aprel 2023
506

Tebigat bilen ysnyşmak, oňa ýakynlyk adamyň ruhy dünýäsini ynsanperwerlik duýgularyna besleýär. Halkymyz gadymydan gelýän tebigata, haýwanat dünýäsine ynsanperwer garaýşy asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip gelensoň, ol däp-dessur ýörelgelerine öwrülipdir. Şol ýörelgäniň naýbaşy nusgasy mürüşgärlik, ýagny elguş bilen aw etmek däbidir.

Gahryman Arkadagymyz «Aw — bu, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň gözel tebigaty bilen tanyşmaga mümkinçilikdir» diýip, ýerlikli belleýär. Awçylyk kesbi türkmen halkynyň durmuşynda gadymy döwürden bäri uly orun tutýar.

Ogulbaýram Durdyýewa,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň şekillendiriş sungaty bölüminiň müdiriniň orunbasary.