Ylym-bilim — ömürlere şamçyrag

1 gün öň
7

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz il-ýurt, şöhratly geljek üçin bitirilýän möhüm ähmiýetli beýik işler bilen özgerýär, ösýär, bagtyýarlygyň röwşen ýoly bilen öňe gidýär. Şu günler berkarar Diýarymyz özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygyny ýetilen beýik sepgitler, gazanylan zähmet üstünlikleri bilen garşylamaga uludan taýýarlyk görýär. Bagtyýar halkymyz dünýäde şan-şöhraty barha artýan Watanymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna uly ruhubelentlik bilen gurýar we döredýär, Garaşsyzlygyň peşgeş eden bagtyýarlyk zamanasynda çäksiz buýsanç duýgusy bilen ýaşaýar.

Geçen ýyllara nazar salyp, Watan, halk, sebit we umumadamzat üçin bitirilen beýik işleri, ýetilen üstünlikli menzilleri aňyňda aýlanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watana, halkymyza bolan belent söýgüsiniň, hormat-sarpasynyň belentligine bolan buýsanjyň artýar. Döwür türkmeniň öňde-soňda eden arzuwynyň amala aşyrylýandygyny äleme äşgär etdi. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem, uzaklary nazarlaýan, ilkinji nobatda durýan möhüm wezipeleriň çözgüdi kesgitlenildi, olar babatda tutuş asyra barabar işler durmuşa ornaşdyryldy. Ylym-bilim ulgamyna ylmyň gazananlarynyň, önümçilige täze tehnologiýalaryň, öňdebaryjy tehniki enjamlaryň ornaşdyrylmagy babatda edilen ägirt uly işleriň gerimi köpleri haýran galdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde amal edilen beýik işler, ýetilen belent sepgitler bu gün her bir türkmenistanlynyň kalbyna gözellik çaýýar, mähir-muhabbet eçilýär. Şunda ylym-bilim ýurdumyzy, jemgyýetimizi belentliklere äkidiji güýç hökmünde kesgitlenýär.

Maksat ÇARYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory.