Atym — ganatym

25 Aprel 2023
419

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ata-babalarymyzyň döreden maddy gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan türkmen bedewleri halkymyzyň buýsanjydyr. Ahalteke bedewleri behişde mynasyp görülýän, gyzdan gylykly, gözelligiň nusgasydyr» diýip belleýär hem-de türkmeniň atşynaslyk sungatynyň rowaçlyga beslenmegi, ahalteke bedewlerimiziň şöhratly ýolunyň gaýtadan dabaralanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýär. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, Türkmen bedewiniň milli baýramyna gabatlanyp, halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisleriniň we bedewleriň gözellik bäsleşikleriniň geçirilmegi şeýle tagallalardan nyşan bolup durýar. Häzirki wagtda Köpetdagyň taryhy künjeginde bina edilýän Arkadag şäherinde Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, atçylyk sirkiniň, şeýle-de ady rowaýata öwrülen Akhanyň ýadygärlik binasynyň gurulýandygy has-da guwandyrýar.

Gahryman Arkadagymyz ajaýyp kitaplarynda dünýäde arassa ganlylygyny saklan ýeke-täk bedewiň ahalteke atlarydygyny bellemek bilen, seýis ata-babalarymyzyň irginsiz zähmeti, yhlasy we söýgüsi siňen bedewlerimiz barada täsirli maglumatlary beýan edýär. Gahryman Arkadagymyzyň şany dünýä dolan behişdi bedewlerimiz hakda ýazan kitaplaryny okanymyzda türkmenleriň dünýä halklarynyň arasynda ilkinji bolup kämil at tohumyny döretmegiň, atlary saklamagyň we köpeltmegiň, taýlary ösdürip ýetişdirmegiň, seýislemegiň hem-de toýda-tomaşada at çapdyrmagyň tilsimleri barada gyzykly zatlary öwrenýäris. Şonda gözellikde, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk behişdi bedewlerimize bolan buýsanjymyz goşalanýar.

Nurýagdy ÖDÄÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.