Gymmatly gollanma

25 Aprel 2023
351

Türkmen topragy saglygy dikeltmek üçin ägirt uly mümkinçiligi özünde jemleýän melhemler mekanydyr. Ata-babalarymyz tebigat bilen sazlaşykly ýaşap, tebigy ösümlikler bilen dürli keselleri bejermek, entek hassa bolmazdan ozal bedeni ýokumly tebigy iýmitdir içgiler bilen taplamak barada toplan ýörelgelerini nesillere miras goýupdyrlar. Gadymy döwürlerden bäri adamlar ösümlikleriň bejerijilik güýjüni anyklap, dürli kesellerden saplanmak üçin olary ulanypdyrlar. Häzirki döwürde asyrlaryň dowamynda toplanan we nesilden-nesle geçip gelýän halk tebipçilik tejribeleri ylmy esasda öwrenilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby bu ugurda bahasyz gollanma öwrüldi. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XIV jildiniň iňlis dilinde çap edilmegi Türkmenistanyň halkara derejedäki abraýynyň belende galýandygynyň, dünýä ýurtlary bilen özara düşünişmek esasynda ýola goýulýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň berkidilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Merjen JARÇYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti.