Halypa atşynaslar bäsleşdiler

29 Aprel 2023
523

Ozal habar berlişi ýaly, şu gün Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynda harby halypa atşynaslar täze toplumyň giň aýlawynda çapyşyk boýunça ýaryş geçirdiler.

Olar atlaryny ula goýberip, pellehanadan ilki bolup geçmek üçin çekeleşikli çapyşdylar. Örän gyzykly hem-de özboluşly geçen at çapyşygyna ussat halypalar öz seýislän atlary bilen gatnaşdylar. Ýeňiji bolan atşynasa hormatly Prezidentimiziň adyndan Şa serpaýy ýapyldy, ýagny ol ýeňil awtoulag bilen sylaglandy. Şeýle taryhy pursatlar ýatdan çykmajak waka öwrüldi.