Ýanardag, Akhan, Rowaç, Aşgabat

26 Aprel 2023
340

Zehinli atbakarlaryň tutanýerli zähmeti we aladasy bilen kemala getirilen Ýanardag, Akhan, Rowaç, Aşgabat ýaly ýelden ýüwrük, gözel, kämil hem-de asylly bedewlerimiz, sözüň doly manysynda, Watanymyzyň okgunly ösüşiniň, öňe, rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly gadamlarynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Ady rowaýata öwrülen Ýanardagyň şekili Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Döwlet tugrasyny bezeýär.

Ady belli Akhan hem dünýä taryhynda görnükli yz galdyrmagy başardy. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda Akhanyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakyldy. 2018-nji ýylda bolsa Akhan çarpaýa galyp, artky aýaklarynyň üstünde ýöremekde 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçip, bäsleşigiň bu görnüşi boýunça dünýä rekordyny täzeledi.

Maýsa ÝANGIBAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.