Medeni dostluk

28 Sentýabr 2023
597

Ýakynda Hytaý Halk Respublikasynyň Hebeý welaýatynyň Langfang şäherindäki «Ýüpek ýoly» halkara sungat merkezinde «Bir guşak, bir ýol — Beýik diwar» atly ikinji halkara halk sungaty festiwaly geçirildi. Festiwala ýurdumyzdan Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Miras» folklor tans topary gatnaşdy. Hytaýyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi hem-de Hebeý welaýatynyň häkimligi, «Ýüpek ýoly» halkara sungat merkezi bilen bilelikde guralan bu festiwal gala konsert bilen açyldy.

Şowhunly dabarada türkmen talyplary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Küştdepdi» milli aýdym we tans dessurymyz, milli toý däplerimiz bilen çykyş etdiler. Festiwal 20-den gowrak halkyň medeniýeti we sungaty bilen tanyşmaga we olaryň milli däplerini öwrenmäge uly mümkinçilik döretdi. Talyplarymyzyň festiwala gatnaşmagy bolsa medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä halklaryna açyp görkezmekde hormatly Prezidentimiziň edýän taýsyz aladasynyň miwesidir.

Isa Hojamerdanow,
«Edebiýat we sungat».
Beýleki habarlar