Bedew hormaty

26 Aprel 2023
399

Ynsan medeniýetiniň ösüşinde bedew atlaryň orny örän uly. Ata-babalarymyz «Atyňdan aýrylsaň hem gazygyny bozma!» diýen nakyly döredipdirler. Sebäbi at öý eýelerine rysk diläp ýaşarmyş. Bedewler halamaýan kişisini golaýyna getirmeýärler. Adatça, ata onuň çep tarapyndan münülýär.

Irki döwürlerden bäri at bilen ynsanyň arasynda ýakynlyk bar. Gadymy edebiýatlara ser salsak, at hakynda juda gyzykly maglumatlara duş gelmek bolýar. Parasatly kitaplarda «Perzentleriňize at münmegi öwrediň!» diýlip nygtalýar. Ata-babalarymyz nesil terbiýesinde atyň uly ähmiýete eýedigini nygtapdyrlar. At üstünde oturan kişiniň ruhy sagdyn bolýar. Bedew münen jahyl mertebeli we görmegeý görünýär.