Bedewler türkmeniň şany-şöhraty

25 Aprel 2023
428

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby bedew hakynda şu güne çenli bar bolan maglumatlaryň üstüni ýetirmek bilen, behişdi bedewleriň — ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda aýratyn orna eýe. Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda nesil terbiýesinde asmany atlaryň ähmiýetiniň uludygyny nygtaýar. Şonuň üçin-de ata-babalarymyz dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen ajaýyp bedewleri iň kämil derejede seýisläp, köpeldip we ganyny arassa saklap, özlerinden soňky nesillere miras galdyrypdyr. Şeýle bolansoň irki döwürlerden häzirki günlere çenli Türkmenistan we onuň çäkleri behişdi bedewleriň mekany hökmünde dünýäde meşhurlyk gazandy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewleriniň şöhratyny, asylly däplerimizi dünýä halklarynyň arasynda wagyz etmekde nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini türkmeniň uçar ganatynyň gan arassalygyny gorap saklamak, tohum atlaryň sanyny köpeltmek, atçylyk sportuny ösdürmek bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işler-de aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew» atly dürdäne kitaplary bolsa sungat derejesine ýetirilen bu janly eserleriň gelip çykyşy we kemala gelşiniň taryhy barada maglumat almaga doly mümkinçilik döredýär.

Laçyn SAPARGELDIÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 35-nji orta mekdebiniň müdiri.