Harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumy açyldy

29 Aprel 2023
533

Şu gün, 29-njy aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Köpetdagyň ajaýyp künjeginde Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toplumy açyldy. Açylyşyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşyp, täze toplumyň işe girizilmegine ak pata berdi.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli açylan atçylyk toplumynda ýörite atlar üçin athanalaryň bolmagy, ideg etmek, seýislemek, çapuwa taýýarlamak, yzygiderli sanly ulgam arkaly gözegçilikde saklamak, umuman, arassa ganly ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Şeýle-de bu ýerde zähmet çekjek harby gullukçylar üçin durmuş maksatly binalaryň birnäçesi gurlupdyr. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň atşynaslarymyza döredip berýän şertleriniň, behişdi bedewlerimize goýýan belent sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Baýramçylyk günlerinde bu atçylyk toplumynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi atşynaslarymyz üçin uly sowgat boldy.