«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» yglan edildi

29 Aprel 2023
561

Şu gün harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginde Goşsakar diýen at 2023-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi hökmünde ykrar edildi.

Bu at Garaşsyz we Sülgün diýen atlaryň neslinden bolup, onuň seýsi Atçapar Bajamow. Ussat seýse hormatly Prezidentimiziň adyndan ýeňil awtoulag sowgat berildi.